Üç asyryň şaýady

11 Sentýabr 2023
361

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän kärhanalaryň iň irkileriniň biri hem Gyzylarbat etrabyndaky wagon abatlaýyş zawodydyr. Bu kärhananyň taryhy öz gözbaşyny XIX asyryň aýaklaryndan alyp gaýdýar. 1880-nji ýylda Zakaspiý demir ýolunyň çekilip başlanmagy bilen, bir ýyldan soň, bu ýerde Gyzylarbat parowoz abatlaýyş ussahanasy gurulýar. 1882-nji ýylyň maý aýynda tehniki enjamlaryň gurnalmagy netijesinde, zawodyň işgärleri tarapyndan birnäçe wagon ulanyşa goýberilýär. 1889-njy ýylda 716 adamdan ybarat zähmet topary Zakaspiý demir ýolunda 273 sany ýolagçy wagonlarynyň, 35 sany hem ýük wagonlarynyň hereket etmeginde gaýratlylyk görkezipdir.

Taryhy maglumatlardan çen tutsaň, şol döwürde ýurdumyzyň çäginde üç sany wagon abatlaýyş zawody bolupdyr. Şolaryň iň irkisi Gyzylarbat etrabynda ýerleşipdir. Zawodyň gurulmagy bilen, bu ýerde ilat sany hem artypdyr. Dürli halklaryň wekilleri bu kärhana ykbalyny baglap, öz rysgyny tapypdyr. 1905 — 1907-nji ýyllarda zawodda müňden gowrak adam zähmet çekipdir. 1917-nji ýylda bu ýerde ilkinji bronlanan otly döredilýär. Şol otlynyň maketi häzir Moskwadaky degişli muzeýde saklanylýar.

Süleýman HANGELDIÝEW.
«Türkmenistan».