“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

14 Sentýabr 2023
380

"Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler.

Şol sanda, gürrüň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyklaryny taslamak barada boldy. “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri türkmen gämigurluşyk zawodynda bar bolan döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.