Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

17 Sentýabr 2023
378

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda işjeňleşdirilmegi doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de sebitde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary halkara guramalaryň  we maksatnamalaryň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Muňa mysal hökmünde agzasak, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC), Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPECA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de onuň gerimini giňeltmekde ähmiýeti uludyr.
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem sebitde ulag-logistika ulgamyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak babatda möhüm ädim ädildi. Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu Ylalaşygyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde halkara gury ýer geçelgeleriniň ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.