Täze desgalarda işler ileri

13 Sentýabr 2023
397

Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy sag kenaryň baýlyklaryny özleşdirmäge giň ýol açdy. «Gündogar Türkmenistanyň önümçilik sebiti» diýip at alan bu çäkde gysga wagtyň içinde birnäçe kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Olaryň arasynda Lebap sement zawody, Garlyk kaliý dag magdan toplumy, Künjek kän müdirligi ýaly iri senagat kärhanalary bar. Bu senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin sag kenarda kuwwatlylygy 254 MWt-a barabar bolan «Watan» döwlet elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyz desganyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, bu ýerde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Häzirki wagtda sebitde milli we halkara möçberli iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar bolsa dürli ulgamlarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýar». Bu sözler gündogar sebitiň geljeginiň örän uludygyna güwä geçýär.

Köýtendag etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kuwwatly elektrik stansiýasy döwrebap tehnologiýaly desgalar toplumyndan ybaratdyr. Onuň işi doly sanlylaşdyrylandyr. Bu bolsa stansiýanyň dolandyryş merkezinden — dispetçerlik nokadyndan ähli tehnologik işlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Täze desgalar ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň önümleri bilen üpjün edilendir. Kärhananyň üç sany gazturbina desgasy stansiýanyň esasyny düzýär. Elektrik stansiýanyň energobloklaryndan hem-de edara binasyndan başga-da, gaz taplaýjy beket, gyzdyryjy bina, 2 sany transformator, kuwwatlylygy 220 KW we 110 KW bolan paýlaýjy beket hem-de beýleki binalaryň birnäçesi guruldy. Şeýlelikde, bu elektrik stansiýa sag kenardaky ähli senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen doly üpjün edýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Kerki — Kerkiçi aralygynda Amyderýanyň üstünden gurlan energoköpri arkaly çep kenary-da elektrik energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Munuň özi sag hem-de çep kenarda elektrik energiýasynyň halkalaýyn üpjünçiligini düzýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).