Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy

11 Sentýabr 2023
522

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen «Безостая 100» we «Алексеич» ýaly görnüşlerine degişlidir.