Ösüş depgini artýar

11 Sentýabr 2023
432

Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen adygan «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda senagat önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar.

Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda polipropilenden haltalyk matalaryň 819 tonnasy, pul hasabynda bolsa 26 million 289 müň 443 manatlygy taýýarlanyldy. Hususy kärhanada mundan başga-da her aýda gök, miwe, bakja önümlerini salmaga niýetlenilen plastmassa gaplarynyň hem 45-50 tonna golaýy öndürilýär. Önümçilige gerekli çig malyň aglabasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.