"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkara deňiz söwda gatnaşygy pugtalandyrylar

Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi. «Gazagystanda käbir terminallary işletmek boýunça meýilnamalar bar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen bagly meýilnamalar hem bar. Biz hyzmatyň has çalt we has ýokary derejesi bilen üpjün etmek isleýäris» diýip, çeşme holdingiň wekiliniň sözlerine salgylanýar.

Taýland deňiz logistikasyny ösdürmek boýunça täze milli kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Taýlandyň Transport ministrligi konteýner daşamak bilen meşgullanjak täze milli ýük daşaýan kompaniýany döretmegi meýilleşdirýär. Taýlandyň portlarynyň administrasiýasy bu konteýner daşaýjynynyň işini guramagyň dürli görnüşlerine, şol sanda tutuşlygyna döwlet kompaniýasyny döretmek ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna gatnaşmak mümkinçiligine garady.

Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Gymmatly kagyzyň gymmaty

Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjy bolan türkmen milli manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizildi. Bu bolsa, sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň ykdysady berkararlygyny ykrar etdi. Geçilen ýol ykdysady, maliýe we bank ulgamynda durmuşa geçirilen özgerişlere we öňegidişliklere baý boldy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň bank ulgamynda üstünlikli amala aşyrylan özgertmäniň netijesinde milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi.

Ykdysadyýetiň kuwwaty — milletiň bagty

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn ähmiýetli taryhy waka boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy, şeýle-de ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işlerine halkymyz tarapyndan berlen mynasyp ýokary bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşleriň täze basgançaklaryna galyp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girdi. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda möhüm çözgütler, taryhy resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatlarynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar ýurdumyzy ýokary d

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistanyň şanly täze taryhyny giň gerimli özgertmeler, halkymyzy «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen beýik çagyryşy bilen galkyndyryp hem ruhlandyryp, örän gysga wagtyň içinde ýurdumyzy beýik ösüşlere besledi. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli gurşawlarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanyldy.

Yhlasa — myrat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Esasan hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ilatyň ýylyň dowamynda azyk we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün edilýändigini ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygynyň mysalynda hem görýäris. Ýurdumyzda gyşyn-ýazyn azyklyk ekinleriň bol hasylynyň ýetişdirilmeginde köýtendagly hususyýetçileriň hem mynasyp paýy bar. Şolaryň biri-de Rinat Irgaşowdyr. 2017-nji ýylda hususyýetçilik işine girişen telekeçi etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden bölünip berlen 2 gektar ýerde ýyladyşhana gurup, gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýär. Onuň toplan baý tejribesi, önümçiligi ösdürmäge bolan islegi we çeken irginsiz zähmeti netijesinde ýyladyşhanadan alynýan hasyl ýylsaýyn artyp ugrady. Ýetişdirilýän hasyl diňe bir welaýatymyzyň ak bazarlaryna däl, eýsem, beýleki welaýatlara hem yzygiderli ugradylýar. Rinadyň gök önümlerden bol hasyl almakda gazanan zähmet üstünlikleri onuň güýjüne güýç, yhlasyna yhlas goşdy. Daýhan ýigit işi ilki pomidordyr hyýaryň köp hasyl berýän görnüşlerini ekmekden başlan bolsa, soňa-baka önümçiligiň çägini giňeldip, ýyladyşhanada baklajan we bolgar burçuny ýetişdirmäge hem girişdi.

Ykdysady ösüşiň ykjam guraly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirini düýpli peseltmek üçin toplumlaýyn çäreler işlenip düzülýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgininiň üpjün edilmegine, milli manadyň hümmetiniň durnukly saklanyp galmagyna, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniňdir çykdajylarynyň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmegine, maýa goýum işjeňliginiň ýokary derejede saklanylmagyna, ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, öz gezeginde, ýokary netijeleri gazanmakda ähli amatly şertleri döredýär. Munuň aýdyň mysalyny şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerinden hem görmek bolýar. Şu ýylyň dokuz aýynda ýurduň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,3 göterim ýokarlandy, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylka garanyňda, 9,9 göterim ýokarlandy. Şeýle ýokary depginli durnukly ösüşiň gazanylmagy milli manadymyzyň hümmetine-de oňaý

Milli manat — milli mertebe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Şu gün türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýan manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orny eýeledi. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berýär. Netijede, türkmen milli manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, Garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Geçen 30 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär. Şunda ýurdumyzda amala aşyrylan maliýe syýasatynyň ähmiýetiniň uly bolandygyny-da bellemek zerur.

Ykdysady kuwwatlylyk

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolýar. Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şol ajaýyp sene ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda täze döwrüň başlandygyny alamatlandyrdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda manat halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi».

Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Golaýda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde manadyň eýeleýän orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda manadymyzyň milli ykdysadyýetimizde tutýan orny, onuň hümmetini mundan beýläk hem pugtalandyrmak babatynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan ykdysady syýasaty dogrusynda çykyşlar diňlenildi. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, türkmen halkynyň öz milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny has hem ýokarlandyrmaga uly itergi berdi.

Milli erkinligimiziň nyşany

Islendik döwletiň ykdysadyýeti, ilatynyň maddy hal-ýagdaýy öwrenilende, ilki bilen, şol döwletde hereket edýän pul birliginiň hümmeti, pul dolanyşygynyň söwda gatnaşyklaryndaky orny, zähmete töleg, alyş-çalyş, maýa toplamak ýaly ýerine ýetirýän hyzmatlary göz öňünde tutulýar. Dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, özgermeginde, döwrebaplaşmagynda hem-de kämilleşmeginde milli manadymyzyň orny örän uludyr. Çünki maliýe serişdesi bolan pul birligi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, döwletimiziň gurpludygyny beýan etmek bilen, ýeke-täk töleg hem-de hasaplaşyk serişdesidir. Ykdysadyýetde ekwiwalent birlik bolan milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan şu ýyl oňa 30 ýyl bolýar.

Hyrydarly önümler

Ýurdumyzyň ýeňil senagaty pudagynyň iň ýaş kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumynyň önümçilik kuwwaty barha ýokarlanýar. Kämil tehnologiýaly, häzirki zaman dokma kärhanasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri ýerine ýetirilýän önümçilik görkezijileri has-da guwandyryjydyr. Has takygy, «Mäne» haryt nyşanly önümleri bilen içerki we daşarky bazarda eýýäm uly meşhurlyk gazanan bu döwrebap toplumda üstümizdäki ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 85 million 432 müň manatdan gowrak önüm öndürilip, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 186,2 göterime barabar ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.

Kuwwatly ykdysadyýet — döwletiň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ykdysadyýeti köpugurly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga möhüm wezipe hökmünde garalýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan strategik ugurlaryň biridir. Döwletimizde degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilip, daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli, iň kämil innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça taryhy çözgütler kabul edilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň döwrebap, özara sazlaşykly hem-de utgaşykly ýerine ýetirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletliligiň nyşany

Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsirini ýetiren oýlap tapyşlaryň hatarynda pul möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir aýratyn alnan adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda-da wajyp hasaplanýan dolanyşyk serişdesidir. Şeýle hem pul birligi döwletliligiň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ýurduň syýasy hem-de ykdysady kuwwatynyň derejesini görkezýär. Garaşsyz Türkmenistan hem 30 ýyl mundan ozal milli pul birligini — manady ulanyşa girizmek bilen, döwlet özygtyýarlylygynyň binýadyny has-da berkitdi. Taryha nazar aýlanyňda, puluň döremegi adamlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmegine, söwdanyň, bank işiniň, telekeçiligiň ösmegine, önümçiligiň giňemegine, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna güýçli itergi berendigi görünýär. Eziz Watanymyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňeleriň ençemesiniň ýüze çykarylmagy bolsa türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tutuş yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeländigini tassyklaýar.

Milli puluň durnuklylygy — ykdysadyýetiň daýanjy

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberlerde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar, erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär. Maliýe durnuklylygyny saklamak we berkitmek ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň girewidir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny kadaly ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir.

Burawlaýjylaryň depgini batlanýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary öz öňlerinde goýlan belent sepgitlere ýetmek üçin jan aýaman zähmet çekýärler. Has takygy, müdirlik boýunça sentýabr aýynda gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda 2 müň 945 metr çuňluk gazmak göz öňünde tutulan bolsa, öz işine ezber burawlaýjy toparlarymyz 6 müň 750 metr çuňluk gazmagyň hötdesinden gelip, meýilnamany wagtyndan öň 229,2 göterim ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, artyk gazylan çuňluk 3 müň 805 metrden ybarat bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 müň 250 metr çuňlugyň artyk gazylyp, ösüş depgininiň 192,9 göterim bolandygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän, halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil, kuwwatly buraw desgalaryndan netijeli peýdalanýan müdirligiň «gara altyn», «mawy ýangyç» gözleýji zähmetsöýer burawlaýjylary häzirki wagtda Nogaý, Uzynada, Altyguýy, Guýjuk ýaly nebitgazly känlerde gazuw işlerini alyp barýarlar. Ýakyn günlerde ussat Eýmir Gaýypowyň ýolbaşçylyk edýän buraw toparynyň burawlaýjylary tarapyndan Uzynada meýdançasyndaky 74-nji ulanyş maksatly taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bolan guýynyň gazuw işlerini tamamlap, zemin jümmüşinden «gara altynyň» bol senagat akymyny almak meýilleşdirilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni, türkiýeli işewürler bolsa motor ýagyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 44 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni hem-de el halylary satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 337 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.