Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany

2 Noýabr 2023
345

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.