Milli erkinligimiziň nyşany

31 Oktýabr 2023
355

Islendik döwletiň ykdysadyýeti, ilatynyň maddy hal-ýagdaýy öwrenilende, ilki bilen, şol döwletde hereket edýän pul birliginiň hümmeti, pul dolanyşygynyň söwda gatnaşyklaryndaky orny, zähmete töleg, alyş-çalyş, maýa toplamak ýaly ýerine ýetirýän hyzmatlary göz öňünde tutulýar. Dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, özgermeginde, döwrebaplaşmagynda hem-de kämilleşmeginde milli manadymyzyň orny örän uludyr. Çünki maliýe serişdesi bolan pul birligi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, döwletimiziň gurpludygyny beýan etmek bilen, ýeke-täk töleg hem-de hasaplaşyk serişdesidir.

Ykdysadyýetde ekwiwalent birlik bolan milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan şu ýyl oňa 30 ýyl bolýar.

Ogulbaýram SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.