Gymmatly kagyzyň gymmaty

2 Noýabr 2023
393

Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjy bolan türkmen milli manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizildi. Bu bolsa, sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň ykdysady berkararlygyny ykrar etdi. Geçilen ýol ykdysady, maliýe we bank ulgamynda durmuşa geçirilen özgerişlere we öňegidişliklere baý boldy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň bank ulgamynda üstünlikli amala aşyrylan özgertmäniň netijesinde milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.