Halkara deňiz söwda gatnaşygy pugtalandyrylar

2 Noýabr 2023
298

Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi.

«Gazagystanda käbir terminallary işletmek boýunça meýilnamalar bar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen bagly meýilnamalar hem bar. Biz hyzmatyň has çalt we has ýokary derejesi bilen üpjün etmek isleýäris» diýip, çeşme holdingiň wekiliniň sözlerine salgylanýar.