Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

31 Oktýabr 2023
544

Golaýda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde manadyň eýeleýän orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda manadymyzyň milli ykdysadyýetimizde tutýan orny, onuň hümmetini mundan beýläk hem pugtalandyrmak babatynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan ykdysady syýasaty dogrusynda çykyşlar diňlenildi.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, türkmen halkynyň öz milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny has hem ýokarlandyrmaga uly itergi berdi.

Orazjemal MYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy.