Ykdysadyýetiň kuwwaty — milletiň bagty

1 Noýabr 2023
357

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn ähmiýetli taryhy waka boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy, şeýle-de ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işlerine halkymyz tarapyndan berlen mynasyp ýokary bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşleriň täze basgançaklaryna galyp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girdi.

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda möhüm çözgütler, taryhy resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatlarynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar ýurdumyzy ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply, kuwwatly döwlet hökmünde tanadýar. Ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ösdürmek, gaýtadan işleýän, dokma önümlerini öndürýän iri kärhanalary döwrebaplaşdyrmak babatda bitirilen beýik işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gön zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze häzirki zaman dokma toplumyny gurmak hem meýilleşdirilýär. Bu işleriň ählisi pudagy depginli ösdürmäge, uly islegden peýdalanýan täze önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu amala aşyrylýan beýik işler biz — dokmaçylary has-da buýsandyrýar.

Jeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.