Yhlasa — myrat

1 Noýabr 2023
247

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Esasan hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ilatyň ýylyň dowamynda azyk we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün edilýändigini ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygynyň mysalynda hem görýäris. Ýurdumyzda gyşyn-ýazyn azyklyk ekinleriň bol hasylynyň ýetişdirilmeginde köýtendagly hususyýetçileriň hem mynasyp paýy bar. Şolaryň biri-de Rinat Irgaşowdyr.

2017-nji ýylda hususyýetçilik işine girişen telekeçi etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden bölünip berlen 2 gektar ýerde ýyladyşhana gurup, gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýär. Onuň toplan baý tejribesi, önümçiligi ösdürmäge bolan islegi we çeken irginsiz zähmeti netijesinde ýyladyşhanadan alynýan hasyl ýylsaýyn artyp ugrady. Ýetişdirilýän hasyl diňe bir welaýatymyzyň ak bazarlaryna däl, eýsem, beýleki welaýatlara hem yzygiderli ugradylýar. Rinadyň gök önümlerden bol hasyl almakda gazanan zähmet üstünlikleri onuň güýjüne güýç, yhlasyna yhlas goşdy. Daýhan ýigit işi ilki pomidordyr hyýaryň köp hasyl berýän görnüşlerini ekmekden başlan bolsa, soňa-baka önümçiligiň çägini giňeldip, ýyladyşhanada baklajan we bolgar burçuny ýetişdirmäge hem girişdi.

Behruz BAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň başlygy.