Burawlaýjylaryň depgini batlanýar

30 Oktýabr 2023
340

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary öz öňlerinde goýlan belent sepgitlere ýetmek üçin jan aýaman zähmet çekýärler. Has takygy, müdirlik boýunça sentýabr aýynda gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda 2 müň 945 metr çuňluk gazmak göz öňünde tutulan bolsa, öz işine ezber burawlaýjy toparlarymyz 6 müň 750 metr çuňluk gazmagyň hötdesinden gelip, meýilnamany wagtyndan öň 229,2 göterim ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, artyk gazylan çuňluk 3 müň 805 metrden ybarat bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 müň 250 metr çuňlugyň artyk gazylyp, ösüş depgininiň 192,9 göterim bolandygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän, halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil, kuwwatly buraw desgalaryndan netijeli peýdalanýan müdirligiň «gara altyn», «mawy ýangyç» gözleýji zähmetsöýer burawlaýjylary häzirki wagtda Nogaý, Uzynada, Altyguýy, Guýjuk ýaly nebitgazly känlerde gazuw işlerini alyp barýarlar. Ýakyn günlerde ussat Eýmir Gaýypowyň ýolbaşçylyk edýän buraw toparynyň burawlaýjylary tarapyndan Uzynada meýdançasyndaky 74-nji ulanyş maksatly taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bolan guýynyň gazuw işlerini tamamlap, zemin jümmüşinden «gara altynyň» bol senagat akymyny almak meýilleşdirilýär.

Arazmyrat ILAMANOW,
Körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.