Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

29 Oktýabr 2023
302

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 44 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni hem-de el halylary satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 337 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.