Milli puluň durnuklylygy — ykdysadyýetiň daýanjy

30 Oktýabr 2023
422

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar.

Ýurdumyzyň bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberlerde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar, erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär. Maliýe durnuklylygyny saklamak we berkitmek ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň girewidir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny kadaly ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir.

Jeren ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.