"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 53 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, BAE-den, Irlandiýadan, Özbegistandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 29 million 492 müň 975 amerikan dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm jähetleri

(Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň mysalynda) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Gazagystanyň azyk önümçiligi hakda kelam agyz

«Rakhat» bilen has tagamly Güýz dowam edýär. Paslyň jana ýakymly howasynda kofe ýa gyzgyn çaý içmäge näme diýersiňiz?! Ýany bilen süýjüdir şokolad! Belki, «Rakhat» dadyp görersiňiz! Ol «Biziň bilen has tagamly» şygary astynda öndürilýän gazak ýurdunyň dünýä belli konditer önümi.

Bag­ly il — bagt­ly il

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Ba­gy-bos­san­lyk yn­sa­nyň öz ýa­şa­ýan top­ra­gy­na söý­gü­si­niň, per­zent­lik yh­la­sy­nyň gör­ke­zi­ji­si. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le di­ýil­ýär: «Mag­lu­mat­lar­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, Alek­sandr Ma­ke­dons­kiý, şeý­le hem an­tik döw­rü­niň ja­han­keş­de­le­ri türk­men top­ra­gyn­da­ky gür bag­la­ra bes­le­nip otu­ran aja­ýyp şä­her­le­re gö­zi dü­şüp: «Bagt­ly ilat!» di­ýip­dir­ler.

Innowasion ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ylmyň we tehnologiýalaryň ýyldyrym çaltlygynda ösýän zamanasynda sanly ulgamyň döredýän mümkinçilikleri örän giň hem-de köpdürlidir. 9-10-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda senagat edarasynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisinde hem-de ugurdaş ylmy maslahatda bu hakykat aýdyň beýanyny tapdy. Bizem hyýaly filmlerdäki tehnologiýalary ýada salýan enjamlaryň arasynda sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň täze mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyk. ► Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge ymtylýar.

Energetika ulgamynyň giň mümkinçilikleri

Türkmenistan Yrak Respublikasyna tebigy gazy eksport eder 8-nji noýabrda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Mümkinçilikler meýdany

Häzirki bagtyýar zamanamyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 9-10-njy noýabrda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty hem Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini görkezdi, şeýle-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alşylýan meýdança öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzyň elektron senagaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär we ýokary sepgitlere ýetirilýär. Sanly ulgamyň häzirki zaman gazananlarynyň netijeli peýdalanylmagy Diýarymyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň barha ösdürilmegine uly ýardam berýär. Şunuň netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýärler. «Türkmentel — 2023» XVI halkara sergisine gatnaşyjylaryň sanawy görkezilen diwarlykdaky «Rostelecom», «Huawei», «Nokia», «X-Beam»,

Innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklar we milli innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk syýasaty barha rowaçlanýar hem-de soňky günlerde has-da işjeňleşen daşary syýasat üstünliklerinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň 14-inde Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagyna üns berip, biziň ýurtlarymyzyň tehniki-tehnologik bähbitleriniň we maksatlarynyň üpjün edilmegine hem-de durmuşa geçirilmegine esas bolýan innowasiýalardyr täze tehnologiýalar ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyn

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde bilim ulgamynda dünýä hil ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň iň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişli bolup durýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bu ugurda amala aşyrylýan işlerde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap bilimli, maksada okgunly ýaşlaryň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Ulgamyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Çünki sanly bilim ösüp-özgerýän döwrümiziň talabydyr. Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimler ýolundan buýsançly öňe barýan türkmen ýaşlary abraýly halkara bilim, sport, döredijilik bäsleşiklerinde üst

Halk bähbitli tutumlar

«Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr». Welaýatymyzda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabarany buýsanç bilen synlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisindäki taryhy çykyşynda aýratyn nygtap aýdan sözleri biygtyýar hakydaňa dolýar. Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan gurmak, döretmek ýörelgesi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanyp, ýurdumyzy täzeden-täze sepgitlere alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär we ösýär. Innowasion çözgütleriň önümçilige giňden ornaşdyrylyp, durmuş-ykdysady öňegidişlikleriň yzygiderli berkidilmegi we milli ykdysadyýetiň ýokary derejede döwrebaplaşdyrylmagy durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Energetika pudagy pugtalandyrylýar

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli taslamany durmuşa geçirmek «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş» türk kompaniýasyna ynanyldy. Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, kabul edilen bu resminamada gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek bellenildi.

Aragatnaşyk hyzmatlary

Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Poçta aragatnaşyk merkezi, «Altyn Asyr»ÝGPJ, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk müdirligi, poçta we aragatnaşyk hyzmatlary bilen gündelik zerurlyklarymyzy aňsatlaşdyrmaga ýardam berýär. Müdirligiň müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmakda artykmaçlyklary — tizlik, ygtybarlylyk, elýeterlilik, amatlylydyr. Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary hakynda gürrüň bermegi makul bildik. Poçta. Şäheriň poçta aragatnaşyk merkezinde gazet-žurnallara abuna ýazylmak, onlaýn we kagyz görnüşlerine ýazylyp bilmek mümkinçiligi bar. Döwürleýin neşirlere ýazylmagy ýylda iki möwsümde alyp barýarlar. Ýatlatsak, häzir abuna ýazylyşyk möwsümi dowam edýär. Hatlar hyzmaty, sargytly we ýönekeý ýollama esasynda tiz wagtda ygtybarly ýerine ýetirilýär. Ondan başga-da, ýaşaýjylaryň, okuwçy we pensioner kartlaryna, «ÄlemTV», TMCELL töleglerini, PÝGG tarapyndan bellenilen jerime töleglerini tölemek ýaly mümkinçilikleri bar. Poçta merkezinde pul geçirimleri bolsa sanly hyzmatlaryň üsti bilen mümkindir. Mysal üçin, welaýatlardan sanly usulda salgyňa ugradylan pul serişdesini bu ýerde nagt görnüşinde almak elýeterlidir.

Energetika — ösüşleriň röwşen şuglasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Garaşsyz Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilim ulgamy beýik ösüşlere eýe bolýar. Kämil derejeli, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň nazary bilimleriniň binýadyny giňeltmek, önümçilik bilen bagly anyk meseleleri çözmek ukyplaryny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.

Hasyl toýy — bereketiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli milli önümler bilen dünýä bazaryna çykmak ýaly aýdyň maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysady pudagyň örän köptaraplydygyny aýratyn bellemek gerek. Şolaryň iň esasylarynyň biri bolan obasenagat toplumy hem batly depginlerde ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen häzirki wagtda bu toplumy döwlet tarapyndan goldamagyň bir bitewi ulgamy döredildi hem-de pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýar. Alnyp barylýan şeýle köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Gallaçylarymyz, edermen babadaýhanlarymyz bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny alyp, zähmet ýeňişlerini gazanýar. Bilşimiz ýaly, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde Hasyl toýy uludan toýlanylýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agron

Energetika syýasatynyň röwşen ädimleri

Döwür ösýär, täze innowasiýalar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, umuman, dünýäde elektroenergetikanyň ösmegi bilen, täze hünärlere, kärlere zerurlyk artýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýýär. Şeýle maksat bilen, ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, bu pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga-da şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygy bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň durmuş derejesini yzyg

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Bähbitli işleriň bady artýar Hormatly Prezidentimiziň tutumly işlerde bady artýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişli menziller bilen öňe barýar. Şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň öňdebaryjy pudagy bolan elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen iri pudagyň önümçilik kuwwaty täze, öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanmaga berilmeginiň hasabyna has-da ýokarlandyryldy. Täze paýlaýjy desgalar, geçirijiligi ýokary woltly geçirijileriniň işe girizilmeginde uly işler bitirilýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ynamdar goragyň çözgüdi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Nur paýlaýan desga

3-nji noýabr Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň işçi-hünärmenleri üçin ýatdan çykmajak şatlykly senä öwrüldi. Şol gün hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň bitewi energetika ulgamyna birikdirildi. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Pudagyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işlere Ahal welaýatynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ahal döwlet elektrik stansiýasy hem şeýle kuwwatlyklaryň biridir.

Möhüm pudagyň ösüşli menzilleri

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde elektrik energetikasy pudagynyň tutýan orny uludyr. Ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalarda elektrik energetikasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Geljegi uly bolan bu pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygy guwandyryjydyr. Ine, 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň — Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän waka boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol ýerden sanly ulgam arkaly «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Bu dabaralaryň dowamynda Germaniýanyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda durmuşa geçirilen taslama beren Hil şahadatnamasynyň, GFR-iň Binagärleriniň federal palatasynyň Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasynyň, GFR-iň Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň Ekologik taýdan arassalygy we durn

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Watanymyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bellenildi. Şu ýylyň 3-nji noýabrnda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisi we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ulanmaga berildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine b