Innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

9 Noýabr 2023
731

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklar we milli innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk syýasaty barha rowaçlanýar hem-de soňky günlerde has-da işjeňleşen daşary syýasat üstünliklerinde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň 14-inde Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagyna üns berip, biziň ýurtlarymyzyň tehniki-tehnologik bähbitleriniň we maksatlarynyň üpjün edilmegine hem-de durmuşa geçirilmegine esas bolýan innowasiýalardyr täze tehnologiýalar ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi. Bu ýerde garalan soraglar we öňe sürlen teklipler diňe bir biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin sebit üçin örän ähmiýetli çözgütler bilen baglydyr. Şu çözgütleriň derwaýyslygy biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bu ugurda uly mümkinçilikleriniň, ýagny innowasion ösüşiň uly kuwwatynyň, ösen ylmy mekdepleriň we tehnologik tejribäniň barlygy bilen kesgitlenýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýerde bar bolan artykmaçlyklary birleşdirmegiň, tejribe-bilimleri alyşmagy ýola goýmagyň, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, innowasion bilimleri ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň wajyplygyny hem bu wezipeleri bilelikde ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.