Aragatnaşyk hyzmatlary

8 Noýabr 2023
457

Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Poçta aragatnaşyk merkezi, «Altyn Asyr»ÝGPJ, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk müdirligi, poçta we aragatnaşyk hyzmatlary bilen gündelik zerurlyklarymyzy aňsatlaşdyrmaga ýardam berýär. Müdirligiň müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmakda artykmaçlyklary — tizlik, ygtybarlylyk, elýeterlilik, amatlylydyr. Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary hakynda gürrüň bermegi makul bildik.

Poçta. Şäheriň poçta aragatnaşyk merkezinde gazet-žurnallara abuna ýazylmak, onlaýn we kagyz görnüşlerine ýazylyp bilmek mümkinçiligi bar. Döwürleýin neşirlere ýazylmagy ýylda iki möwsümde alyp barýarlar. Ýatlatsak, häzir abuna ýazylyşyk möwsümi dowam edýär. Hatlar hyzmaty, sargytly we ýönekeý ýollama esasynda tiz wagtda ygtybarly ýerine ýetirilýär. Ondan başga-da, ýaşaýjylaryň, okuwçy we pensioner kartlaryna, «ÄlemTV», TMCELL töleglerini, PÝGG tarapyndan bellenilen jerime töleglerini tölemek ýaly mümkinçilikleri bar. Poçta merkezinde pul geçirimleri bolsa sanly hyzmatlaryň üsti bilen mümkindir. Mysal üçin, welaýatlardan sanly usulda salgyňa ugradylan pul serişdesini bu ýerde nagt görnüşinde almak elýeterlidir.

(Ýörite habarçymyz).