Hasyl toýy — bereketiň baýramy

8 Noýabr 2023
480

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli milli önümler bilen dünýä bazaryna çykmak ýaly aýdyň maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ykdysady pudagyň örän köptaraplydygyny aýratyn bellemek gerek. Şolaryň iň esasylarynyň biri bolan obasenagat toplumy hem batly depginlerde ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen häzirki wagtda bu toplumy döwlet tarapyndan goldamagyň bir bitewi ulgamy döredildi hem-de pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýar. Alnyp barylýan şeýle köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Gallaçylarymyz, edermen babadaýhanlarymyz bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny alyp, zähmet ýeňişlerini gazanýar. Bilşimiz ýaly, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde Hasyl toýy uludan toýlanylýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak çäreleri bilen utgaşýar. Munuň özi ene topraga uly yhlas siňdirýän ildeşlerimiziň zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar.

Merdan ABDYLLAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.