Mümkinçilikler meýdany

9 Noýabr 2023
500

Häzirki bagtyýar zamanamyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda-da halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 9-10-njy noýabrda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty hem Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini görkezdi, şeýle-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alşylýan meýdança öwrüldi.

Bu günki gün ýurdumyzyň elektron senagaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär we ýokary sepgitlere ýetirilýär. Sanly ulgamyň häzirki zaman gazananlarynyň netijeli peýdalanylmagy Diýarymyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň barha ösdürilmegine uly ýardam berýär. Şunuň netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýärler. «Türkmentel — 2023» XVI halkara sergisine gatnaşyjylaryň sanawy görkezilen diwarlykdaky «Rostelecom», «Huawei», «Nokia», «X-Beam»,

Kuwwat SATLYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.