Nur paýlaýan desga

8 Noýabr 2023
411

3-nji noýabr Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň işçi-hünärmenleri üçin ýatdan çykmajak şatlykly senä öwrüldi. Şol gün hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň bitewi energetika ulgamyna birikdirildi.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Pudagyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işlere Ahal welaýatynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ahal döwlet elektrik stansiýasy hem şeýle kuwwatlyklaryň biridir.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.