Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

7 Noýabr 2023
716

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär.

Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Watanymyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bellenildi. Şu ýylyň 3-nji noýabrnda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisi we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ulanmaga berildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga badalga berildi.

Atajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.