Halk bähbitli tutumlar

8 Noýabr 2023
488

«Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr».

Welaýatymyzda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabarany buýsanç bilen synlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisindäki taryhy çykyşynda aýratyn nygtap aýdan sözleri biygtyýar hakydaňa dolýar. Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan gurmak, döretmek ýörelgesi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanyp, ýurdumyzy täzeden-täze sepgitlere alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär we ösýär. Innowasion çözgütleriň önümçilige giňden ornaşdyrylyp, durmuş-ykdysady öňegidişlikleriň yzygiderli berkidilmegi we milli ykdysadyýetiň ýokary derejede döwrebaplaşdyrylmagy durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwletmämmet Garaklyýew,
«Balkan».