Energetika syýasatynyň röwşen ädimleri

8 Noýabr 2023
408

Döwür ösýär, täze innowasiýalar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, umuman, dünýäde elektroenergetikanyň ösmegi bilen, täze hünärlere, kärlere zerurlyk artýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýýär.

Şeýle maksat bilen, ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, bu pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga-da şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygy bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

«Esger».