Sanly ulgam — döwrüň talaby

8 Noýabr 2023
446

Hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde bilim ulgamynda dünýä hil ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň iň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişli bolup durýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bu ugurda amala aşyrylýan işlerde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär.

Ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap bilimli, maksada okgunly ýaşlaryň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Ulgamyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Çünki sanly bilim ösüp-özgerýän döwrümiziň talabydyr. Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimler ýolundan buýsançly öňe barýan türkmen ýaşlary abraýly halkara bilim, sport, döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere ýetýärler. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň başarnykly adamlar bolup ýetişmekleri barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Enegül Amandurdyýewa,
Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.