"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwletlilik ýörelgesi — nesilleriň göreldesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pelsepewi eseriniň ikinji bölümi «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» diýip atlandyrylandyr. Adyndan belli bolşy ýaly, bu bölüm adamzat durmuşynyň tebigat bilen baglanyşygy baradaky pelsepewi düşünjeleri özünde jemleýär. Onda parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik ýaly umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan milli ýörelgeleriň mazmuny beýan edilýär. Çünki durşy bilen düre beslenen bu düşünjeler ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek baradaky parasatly pikirler bilen sazlaşykly beýan edilýär. Has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşaýyş baradaky ylym asman bilen zeminiň arasyndaky ähli baýlyklary goramak baradaky kadalardyr. Eseriň şu bölüminde umumadamzat bähbitli gymmatly pikir-düşünjeleriň öz gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýandygy nygtalýar. Munuň şeýledigi Oguz han atamyzyň öz ogullaryna dakan atlarynyň üsti bilen anyk düşündirilýär. Şeýle hem dünýä belli alymlar tarapyndan edilen açyşlaryň hut tebigatda bolup geçýän adaty ýagdaýlar esasynda ýüze çykarylandygy bellenilip geçilýär. Netijede bolsa, ähli ylmy açyşlaryň daş-töwerekde bolýan adaty tebigy ýagdaýlara, umuman, tebigata akyl ýetirmekden gözbaş alýandygy baradaky gymmatly düşünjeler kesgitlenilýär.

Ýaşlary terbiýelemegiň aýdyň ýoly

Kitap — halkyň hakydasynda hemişelik ýaşaýan gymmatlyk. Kitap — halkyýetiň müňýyllyklaryň dowamynda toplan ruhy we medeni baýlyklaryny, dana pikirlerini, asylly däp-dessurlaryny asyrlardan aşyryp biziň şu günlerimize ýetiren egsilmez hazyna. Kitap halkyýeti umumylaşdyrýar, pikirleri aýdyňlaşdyrýar, ynsanyýetde pähim-paýhaslylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly beýik duýgulary döredýär. Mähriban halkymyza ähli babatda görelde bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kitaplarynda bu beýik duýgular özboluşly, halka ýakyn tymsallar, aýdyň geçmiş ýolumyzy beýan edýän taryhy wakalar, ile, halka nusgalyk mekdebi bolan beýik şahsyýetlerimiziň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň islendik eserini eliňe alyp okanyňda hem onuň baý mazmunly, terbiýeçilik ähmiýetli, döwletlilik ýörelgeli, mukaddes gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy babatdaky pikirler bilen püre-pür bolan setirlere gözüň düşýär. Biz bu makalamyzda milli Liderimiziň dana pikirlerine ýugrulan, halky beýik maksatlara, halallyga, agzybirlige, ylmylyga çagyrýan ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömrüne bagyşlanan «Älem içre at gezer» romanyndaky terbiýeçilik ähmiýetli pikirler we onuň ýaş nesilleri watansöýüjiligiň beýik ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti dogrusynda durup geçmek isledik.

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada berýän tabşyryklary bu ugurda bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimlerimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýet — başgaça «elektron ykdysadyýet» diýlip hem atlandyrylýar we onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady özgertmäniň netijesinde adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý, sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy delili sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçiligiň tehnologiýa enjamlarynyň, şeýle-de harytlaryň saklanyşynyň we ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar, sanlylaşdyrylan ykdysadyýet köp döwletler üçin özüne çekiji bolýar. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň has-da üns bermeklerini onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekd

Görki gözel, durky gazal, Aşgabat!

Türkmen halkynyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärlik sungaty özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Merdana pederlerimiziň binagärlik senedi bu günki gün ösüşiň belent derejelerine eýe boldy. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, görenleri haýrana goýýan döwrebap medeni maksatly desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly ymaratlary bilen tapawutlanýar. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gözelligi bilen tapawutlanýan owadan myhmanhanalar, ajaýyp seýilgähler, gül-güläleklere beslenen ak ýollar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna, myhmanlaryň guwanjyna öwrülýär. Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny gazanan Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagt şäherimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Aşgabat dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan hem-de pugtalandyrýan, Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdirýän köprä öwrüldi. Bir söz bilen aýdanyňda, Aşgabat — halkymyzyň buýsanjyna, dünýä halklarynyň guwanjyna öwrüldi.

«Ömürleriň sowulmajak ýazy ýa! Göýä, göwher gaşy ägirt Aziýaň!»

Ynanaýyň, bu şäherde oýa çagyň täsin düýş görüp bolýar. Bu şäherde örki ýerde adamzat ganat baglap uçubam bilýär. Hawa, siziň edil şu wagtky pikir edişiňiz ýaly, bu ýer kitapdan çykyp, ýüreklere ýol salan täsin ertekä meňzeş. Bilýäňizmi näme üçin?! Çünki bu şäher barlygyna bagt düşlän bossan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi. Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan şäheriň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, türkmen kalby ýaly giň şaýollarydyr köçeleriniň bagy-bossanlyga, hoştap ysly owadan güllere beslenmegi, gülgüzarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Bu şäher — bagtyň, gözelligiň şalygy. Başymyza bagt guşy gonup, ýa-da ertekileriň tylla balygy çeňňegimize ilip, «Dilegleriňi dile getir» diýse-de, şundan uly bagty arzuwlap bolmaz. Seretseňizläň, bagra basan müňlerçe jaýlarynda, gör, näçe bagtly ojak bar?! Ak güllerden boglan gujak-gujak çemenler, ylla, ak dürleriň röwşen sapagy, şäheriň başyny sypap, kän eglenýän asman şapagy, garasaý, ähli ajaýyplyklar bar-a bärde! Durkun-düýrmegin tämiz söýgä ýugran yşk abadymyň çüwdürimleri-de bagtyň bolup çüwüp dur...

­­Bejerginiň möhüm ugry

Gidroterapiýa ýa-da suw bilen bejermek (ýagny, derýa, köl, ýagyş, suw lagymyndan gelýän) üçin sepelemek, hammamça, birden üstüňden suw guýmak, süpürmek, dolamak ýaly usullarda peýdalanylýar. Balneoterapiýa (mineral suwlar bilen bejergi) bedene gyzgynlyk, himiki we fiziki düzüm bölegi bilen täsir edýär hem-de keseliň görnüşine, derejesine görä bellenilýär. Suw bilen bejergi kabul edilende tebigy şertlerde «gyjyndyryjynyň» mukdary örän ähmiýetlidir, çünki ol suwuň we howanyň gyzgynlygyna, basyşyň derejesine, hereketiň gönügýän tarapyna we geçirilýän çäräň dowamlylygyna baglydyr. Suw bilen bejermegiň gowy taraplary bilen bir hatarda garşylyklaýyn bejerginiň täsirleriniň hem bolmagy mümkin. Şonuň üçin suw bilen bejergini başlamazdan öň, bedeniň öz aýratynlyklaryny nazara almak zerur, ýagny onuň daşky täsir ukybynyň we merkezi nerw ulgamynyň ilkibaş ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Suw bejergisi bellenende diňe nerw ulgamy däl, eýsem, bedende bolan patologiki ýagdaýy, hassanyň ýaşyny, jynsyny, esasan, hünärini nazara tutmaly. Sebäbi adam gowy şertlerde işleýän we emeli mikroklimatly şertde bolsa bir hili uýgunlaşma geçýär, eger-de açyk howada, gyzgyn ýa-da sowuk sehde işlese başgaça uýgunlaşýar.

Aýdym (hekaýa)

«Bu ýerde uruşda dostlugyň manysy başgaça. Bu ýerde dostlugy ömür birleşdirýär, ölüm — aýra salýar». Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romanyndan.

Ýeňiş üçin doglanlar

Asyrlaryň gatyna siňen şöhratly taryhy ýollar, türkmen gerçekleriniň merdanalygyna eýlenen taryhy ýyllar halkymyzyň hakydasynda müdimilik ýaşaýar. Olar hakynda gozgalan gürrüňler nesilleriň aňyna mukaddesligiň söhbedi bolup ornaýar. Käbir taryhy wakalar çagalygymyzdan gulagymyza guýlup öwredilen ýaly. Aslynda welin, olar biziň süňňümize pederlerimiziň watançylyk ruhy bilen ornan. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy mekdep ýyllarymyzdan bäri aňymyzda. Heňňamyň beýik hekaýatlarynyň arasyndaky bu ýowuz ýatlama bilen tanşan her bir türkmen nesliniň Watan üçin şirin janyny orta goýup söweşen pederlerine bolan hormat-sarpasy artýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherimizde şöhratly taryhymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ebedileşdirildi. Her ýylyň 9-njy maýy golaýlaberende, ata-babalarymyzyň, merdana gerçeklerimiziň watansöýüjilik ýoly, mertligi hakynda oý-pikirlere berilýärsiň. Şirin janlaryny orta goýup, söweş meýdanyna giren gerçekleriň kalbynda bir arzuw ýaşaýardy. Hawa, bir arzuw! Şol arzuw olary geljekki arzuwlaryna ýetirjekdi. Olar oňa ynanýardylar. Ynandylar. Gaýratly gerçeklerimiz 1945-nji ýylyň maýynda maksat-myratlaryna ýetdiler.

­Hakydalarda ýaşaýan gerçek

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy ugrunda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler hakydalarda hemişelik ýaşaýarlar. Şeýle gerçekleriň biri-de Serdar şäherinde ýaşan Ruben Hristoforowiç Bagirowdyr. Ruben 1926-njy ýylda Serdar şäherindäki 2-nji ýediýyllyk orta mekdebi tamamlap, dürli kärlerde zähmet çekýär. 1943-nji ýylda bolsa ol goşun gullugyna çagyrylyp, Aşgabatdaky pyýada goşunlary taýýarlaýan harby mekdebini tamamlansoň, 1944-nji ýylyň mart aýynda fronta ugradylýar we R.H. Bagirowyň söweş ýolunyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalar ýazylýar. 1944-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Günbatar Bug derýasynyň üstünden Krystynopola geçilýän köprini duşmanyň elinden alyp, tanklary hem artilleriýany köprüden geçirmeli!» diýen buýruk ýyldyrym çaltlygynda Bagirowyň söweşýän wzwodyna ýaýraýar. Bagirow söweşiji topardan ýoldaşy Kostenko bilen maslahatlaşyp, operasiýa taýýarlygyny gözden geçirip, ätiýaç taýýarlygyny görýär. Şeýle edilmese, duşmanlar köprini partladyp, özleriniň goranyşyny berkitmäge wagt utjakdy. Şonuň üçin, ýagdaý çalt we oýlanyşykly hereket etmegi talap edýärdi...

Ýeňiş bilen dolanan dört obadaş

Beýik Watançylyk urşunda Pomma Nurberdiýewiň «ädiginiň ýoluny» yzarlan gerçekler başga-da köp. Şeýle gerçekleriň biri uzak ýola gidip, gursagy «şöhrat gülli», beýik ýeňişli ata mekanyna dolanyp gelen Aman Rejebowdy. Ýeňşe sary uzan ýoly külterlän bu merdana gerçek, hut şol hasratly, kynçylykly pursatlara sary ýatlamalar ýoluny külterlemäge başlady... Ýatlamalar bu merdana esgeri ýaşlyk ýyllaryna we birmahalky Sarahs etrabyna alyp gitdi. 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli pursatlary gidip durka, ozalky Sarahs raýonynyň Sarahs pasýologynda doglan Ata Mülkiýew, Muhat Muhyýew, Aman Rejebow dagy harby gulluga çagyrylýar. Şolaryň arasyndan Ata Mülkiýew 1941-nji ýyldan bäri duşmanlara garşy söweşip ýören Nary Gurbanowyň gulluk edýän harby bölümine düşüp, olar duşmanlara garşy egin-egne berip söweşipdirler. Bir etrabyň çäginde boý alyp, uruş zerarly hersi bir ýana düşen bu gerçeklere uruş ahyrlabereninde birek-birege gabatlaşmak miýesser etdi. Bularyň çet ülkelerde birleşen ýoly bolsa, bilelikde ýeňşe sary ädim ätmeklerine getirdi.

Bat goşar döwrümiň badyna bedew!

Ahalteke bedewi gadymdan gelýän türkmen taryhyny kemsiz bezäp gelen gymmatlykdyr. Ajaýyp häsiýetleri, gözel durky, edim-gylymy bilen äleme belli bedewlerimiz biziň bagtyýarlyk döwrümiziň hem aýrylmaz bölegidir. Onuň şeýledigine 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik˛bäsleşigi hem-de onuň dowamynda synlan ajaýyp pursatlarymyz hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap we milli aýdym-sazlary bilen bezelen türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň başynda biri-birinden owadan gyz gylykly, milli at esbaplaryna kemsiz beslenen türkmen bedewleri ýekän-ýekän märekäniň öňünden geçdiler. Baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen wekilleriň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekiller gezekli-gezegine eziz Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, öz welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň adyndan iň owadan hem ýyndam bedewleri hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan haýyş etdiler.

Şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyz

Ajaýyplygy we gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimizi hem-de edermen we gaýratly alabaýlarymyzy ata-babalarymyz maşgalanyň bir agzasy, wepaly dosty, buýsanjy we milli baýlygy hasaplap gelýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy esasynda, gadamy batly ahalteke bedewi we gaýduwsyz alabaýy düýpli özgertmeler bilen ösüş ýoluny ynamly dowam edýän ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň şanyna tutulýan toýlar mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Garaşsyzlygyň şöhratly gadamlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly zähmet üstünliklerini gazanyp, onuň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, şatlykdyr şowhuna beslenýär. Günlerini biri-birinden zyýada eýläp, goşa-goşadan toý toýlaýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna uly ruhubelentlik bilen barýar. Şeýle toýly günlerde Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çuňňur aňladylmasy bolan ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlary hem ösüş ýaýrawyndaky oňyn netijeleri esasynda bagtyýarlyk döwrümizde özüniň datly miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden hasalyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, eziz Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. Şu ýylyň ýanwarynda Akina — Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlan

Ynamdar syrdaşym

Rejepmyrat MYRADOW, «Türkmen edermen» medalynyň eýesi: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýlarynyň bellenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Diýarymyzda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap binada ilkinji gezek «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşik tapgyrlaýyn esasda geçirilip, oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen türkmen alabaýlarynyň ençemesi gatnaşdyryldy. Maňa-da geçirilen bu halkara bäsleşige Akhan atly alabaýym bilen gatnaşmak, hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulaga, ýörite medala, göçme kuboga, diploma mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle-de men hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglandym we döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy esasynda ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullukdan boşadyldym. Bu hormat-sylaglary üçin milli Liderimize köp-köp sa

Watana gulluk etmek — ömrüň manysy

Türkmen alymlarynyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi bilip bolýar?» diýip sorapdyr. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny, sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň arassa, zandynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýşine, Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa, onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, arassa ahlakly adamdyr» diýip jogap beripdir. Hakykatdan-da, Watanyna wepaly, birsözli, mert, batyr, dogruçyl häsiýetli ynsanlar jemgyýetiň içinde-de, döwletiň öňünde-de ynamdardyr. Sebäbi ady agzalan häsiýetleri özünde jemleýän adama Watanyň goragy ynanylýar. Ynha, podpolkownik Baýramgeldi Hümmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerler Aýdogdy Ataýew, Döwlet Aýdogdyýew, 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Begenç Hudaýberdiýew, şeýle-de maýor Mämedin Garakişiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Daýanç Allanazarow dagy ata Watanymyzyň öňünde eden harby kasamyna ygrarly bolup, ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy başardylar. Olar görkezen edermenlikleri üçin Serhet gullugymyz tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatla

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmäge, şeýle-de sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giň şertler döredilýär. Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleridir harby bölümlerinde, şonuň ýaly-da serhet galalarynda gulluk edýän merdana serhetçiler hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler, sportuň dürli görnüşleri boýunça işjeň meşgullanýarlar. Olar her täze güni uzak aralyga ylgamakdan we beden berkidiji maşklary ýerine ýetirmekden başlaýarlar. Hut şonuň netijesinde-de, serhetçi türgenler geçirilýän sport ýaryşlarynda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Saglyk — bagtyýarlyk

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe — Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýan her bir ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesi ildeşlerimiziň, ylaýta-da, harby gullukçylaryň durmuş ýörelgesidir. Muňa TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda guralýan sport çäreleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän milli Liderimiz ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde diňe bir döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalaryny gurdurmak bilen çäklenmän, sagdyn ýaşaýşy guramakda-da ählimize nusgalyk görelde görkezýär. Diňe bir welosiped sürmekde däl, eýsem, atly gezelenç etmekde-de, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmekde-de, sport ulaglaryna erk etmekde-de, umuman, sportuň ähli ugurlarynda-da hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesi biziň üçin ýörelge mekdebi bolup durýar. Şoňa laýyklykda harby ýokary okuw mekdebimizde harby gullukçylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde, ýakynda Harby institutyň terbiýeçilik işleri boýunça bölümi TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde sport bäsleşiklerini gurady. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda harby talyplar, çagyryş boýunça harby gullukçylar özleriniň ezberliklerini we ç

Ömrümize görelde

Ýakynda podpolkownik Wepaguly Baltaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda terbiýeçilik çäresi geçirildi. Çärede şahsy düzüme kitabyň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berildi. Ondan başga-da, harby bölümiň işjeň toparynyň agzasy, esger Orazguly Garryýew kitapdaky gyzykly rowaýatlary labyzly okady. Çäräniň dowamynda halkymyzyň aňynda galan halk aýdymlarymyza uly orun berildi. Muhammetnazar DURDYGYLYJOW,kapitan.

Harby tehnikalar — milli goşunymyzyň kuwwatly güýji

Ýaňy-ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde buýsançly dabaralaryň ýene-de biri, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň Awtomobil müdirligi tarapyndan «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň harby bölüme gowşurylyş dabarasy ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Bu dabarada harby bölümiň serkerdesi söweşjeň harby tehnikalaryň milli goşunymyzyň kuwwatly güýji bolup durýandygy, şeýle-de her bir harby gullukçynyň öz gulluk borçlarynyň çäginde harby tehnikalara degişli ideg etmekdäki jogapkärçiligi barada täsirli çykyş etdi. Geçirilen dabarada täze kabul edilen awtoulaglaryň sürüjilerine açarlary gowşurylan pursatlar has hem tolgundyryjy boldy. Harby awtomobilleriň sürüjileri şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Watan öňündäki mukaddes harby gulluk borçlaryny lebzihalal, harby borjuna we harby kasama wepaly berjaý etjekdikleri barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Kinologlaryň we gulluk itleriniň bäsleşigi

Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň kinolog hünärmenleriniň we gulluk itleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde serhetçi kinologlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Watanymyzyň goragyna saldamly goşant goşýan kinologlaryň, alabaý we ýörite itleriň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kinologlarynyň arasynda hünär kämilleşdiriş çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gurban HANGELDIÝEW,maýor.