Ýaşlary terbiýelemegiň aýdyň ýoly

5 Maý 2021
929

Kitap — halkyň hakydasynda hemişelik ýaşaýan gymmatlyk. Kitap — halkyýetiň müňýyllyklaryň dowamynda toplan ruhy we medeni baýlyklaryny, dana pikirlerini, asylly däp-dessurlaryny asyrlardan aşyryp biziň şu günlerimize ýetiren egsilmez hazyna. Kitap halkyýeti umumylaşdyrýar, pikirleri aýdyňlaşdyrýar, ynsanyýetde pähim-paýhaslylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly beýik duýgulary döredýär. Mähriban halkymyza ähli babatda görelde bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kitaplarynda bu beýik duýgular özboluşly, halka ýakyn tymsallar, aýdyň geçmiş ýolumyzy beýan edýän taryhy wakalar, ile, halka nusgalyk mekdebi bolan beýik şahsyýetlerimiziň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň islendik eserini eliňe alyp okanyňda hem onuň baý mazmunly, terbiýeçilik ähmiýetli, döwletlilik ýörelgeli, mukaddes gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy babatdaky pikirler bilen püre-pür bolan setirlere gözüň düşýär. Biz bu makalamyzda milli Liderimiziň dana pikirlerine ýugrulan, halky beýik maksatlara, halallyga, agzybirlige, ylmylyga çagyrýan ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömrüne bagyşlanan «Älem içre at gezer» romanyndaky terbiýeçilik ähmiýetli pikirler we onuň ýaş nesilleri watansöýüjiligiň beýik ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti dogrusynda durup geçmek isledik.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.