Ynamdar syrdaşym

28 Aprel 2021
860

Rejepmyrat MYRADOW,
«Türkmen edermen» medalynyň eýesi:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýlarynyň bellenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Diýarymyzda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap binada ilkinji gezek «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşik tapgyrlaýyn esasda geçirilip, oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen türkmen alabaýlarynyň ençemesi gatnaşdyryldy. Maňa-da geçirilen bu halkara bäsleşige Akhan atly alabaýym bilen gatnaşmak, hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulaga, ýörite medala, göçme kuboga, diploma mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle-de men hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglandym we döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy esasynda ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullukdan boşadyldym. Bu hormat-sylaglary üçin milli Liderimize köp-köp sagbolsun aýdýaryn! Geljekde bolsa men Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girip, bu asylly kärimi dowam etdirmegi maksat edinýärin.