Watana gulluk etmek — ömrüň manysy

28 Aprel 2021
933

Türkmen alymlarynyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi bilip bolýar?» diýip sorapdyr. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny, sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň arassa, zandynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýşine, Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa, onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, arassa ahlakly adamdyr» diýip jogap beripdir. Hakykatdan-da, Watanyna wepaly, birsözli, mert, batyr, dogruçyl häsiýetli ynsanlar jemgyýetiň içinde-de, döwletiň öňünde-de ynamdardyr. Sebäbi ady agzalan häsiýetleri özünde jemleýän adama Watanyň goragy ynanylýar.

Ynha, podpolkownik Baýramgeldi Hümmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerler Aýdogdy Ataýew, Döwlet Aýdogdyýew, 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Begenç Hudaýberdiýew, şeýle-de maýor Mämedin Garakişiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Daýanç Allanazarow dagy ata Watanymyzyň öňünde eden harby kasamyna ygrarly bolup, ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy başardylar. Olar görkezen edermenlikleri üçin Serhet gullugymyz tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýazga geçiren Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.