Garaşsyzlygyň şöhratly gadamlary

28 Aprel 2021
661

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly zähmet üstünliklerini gazanyp, onuň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, şatlykdyr şowhuna beslenýär. Günlerini biri-birinden zyýada eýläp, goşa-goşadan toý toýlaýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna uly ruhubelentlik bilen barýar. Şeýle toýly günlerde Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çuňňur aňladylmasy bolan ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlary hem ösüş ýaýrawyndaky oňyn netijeleri esasynda bagtyýarlyk döwrümizde özüniň datly miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden hasalyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, eziz Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy.

Şu ýylyň ýanwarynda Akina — Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň halkara ulag geçelgesini döretmek babatdaky taglymatynyň häzirki döwürde özüniň doly ykraryýetini gazanyp, onuň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda batly gadamlar bilen öňe barýan, sebitara gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn möhüm orny bolan ulag-logistika ulgamynyň ähmiýeti barha artýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasaty esasynda amala aşyrylýan bu möhüm işler doganlyk owgan halkyny parahatçylykly ýol bilen Ýewraziýanyň söwda-ykdysady giňişliklerine çykarmak wezipesiniň netijesi esasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ýaşaýşyna giň mümkinçilikleri açýar. Owganystanyň ykdysadyýetiniň daşarky bazar gatnaşyklaryna çekilmegi ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň hazynasy bolan gadymy owgan topragynyň ykdysady we senagat taýdan galkynmagynyň altyn açarydyr.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.