­Hakydalarda ýaşaýan gerçek

5 Maý 2021
664

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy ugrunda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler hakydalarda hemişelik ýaşaýarlar. Şeýle gerçekleriň biri-de Serdar şäherinde ýaşan Ruben Hristoforowiç Bagirowdyr. Ruben 1926-njy ýylda Serdar şäherindäki 2-nji ýediýyllyk orta mekdebi tamamlap, dürli kärlerde zähmet çekýär. 1943-nji ýylda bolsa ol goşun gullugyna çagyrylyp, Aşgabatdaky pyýada goşunlary taýýarlaýan harby mekdebini tamamlansoň, 1944-nji ýylyň mart aýynda fronta ugradylýar we R.H. Bagirowyň söweş ýolunyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalar ýazylýar.

1944-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Günbatar Bug derýasynyň üstünden Krystynopola geçilýän köprini duşmanyň elinden alyp, tanklary hem artilleriýany köprüden geçirmeli!» diýen buýruk ýyldyrym çaltlygynda Bagirowyň söweşýän wzwodyna ýaýraýar. Bagirow söweşiji topardan ýoldaşy Kostenko bilen maslahatlaşyp, operasiýa taýýarlygyny gözden geçirip, ätiýaç taýýarlygyny görýär. Şeýle edilmese, duşmanlar köprini partladyp, özleriniň goranyşyny berkitmäge wagt utjakdy. Şonuň üçin, ýagdaý çalt we oýlanyşykly hereket etmegi talap edýärdi...

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.