Şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyz

28 Aprel 2021
661

Ajaýyplygy we gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimizi hem-de edermen we gaýratly alabaýlarymyzy ata-babalarymyz maşgalanyň bir agzasy, wepaly dosty, buýsanjy we milli baýlygy hasaplap gelýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygy esasynda, gadamy batly ahalteke bedewi we gaýduwsyz alabaýy düýpli özgertmeler bilen ösüş ýoluny ynamly dowam edýän ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň şanyna tutulýan toýlar mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Merdan ŞAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.