Ýeňiş üçin doglanlar

5 Maý 2021
743

Asyrlaryň gatyna siňen şöhratly taryhy ýollar, türkmen gerçekleriniň merdanalygyna eýlenen taryhy ýyllar halkymyzyň hakydasynda müdimilik ýaşaýar. Olar hakynda gozgalan gürrüňler nesilleriň aňyna mukaddesligiň söhbedi bolup ornaýar. Käbir taryhy wakalar çagalygymyzdan gulagymyza guýlup öwredilen ýaly. Aslynda welin, olar biziň süňňümize pederlerimiziň watançylyk ruhy bilen ornan.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy mekdep ýyllarymyzdan bäri aňymyzda. Heňňamyň beýik hekaýatlarynyň arasyndaky bu ýowuz ýatlama bilen tanşan her bir türkmen nesliniň Watan üçin şirin janyny orta goýup söweşen pederlerine bolan hormat-sarpasy artýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherimizde şöhratly taryhymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ebedileşdirildi. Her ýylyň 9-njy maýy golaýlaberende, ata-babalarymyzyň, merdana gerçeklerimiziň watansöýüjilik ýoly, mertligi hakynda oý-pikirlere berilýärsiň. Şirin janlaryny orta goýup, söweş meýdanyna giren gerçekleriň kalbynda bir arzuw ýaşaýardy. Hawa, bir arzuw! Şol arzuw olary geljekki arzuwlaryna ýetirjekdi. Olar oňa ynanýardylar. Ynandylar. Gaýratly gerçeklerimiz 1945-nji ýylyň maýynda maksat-myratlaryna ýetdiler.

Aýgözel MYRADALYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.