"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Meýdan çykyşlary üstünlikli jemlenildi

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň umumygoşun fakultetiniň bronetank ýaraglary we tehnikalary kafedrasynyň uly mugallymy, maýor Döwran Baýdakowyň ýolbaşçylygynda harby razwedka hünäriniň 2-nji ýyl harby talyplary bilen meýdan şertlerindäki möwsümleýin amaly sapaklar geçirildi. Özleşdirýän harby dersleri boýunça nazaryýet sapaklarynda alan bilimlerini berkitmek maksady bilen geçirilen meýdan sapaklarynda harby talyplar dürli şertli ýagdaýlarda türgenleşdiler. Ugurdaş kafedralar, bölünmeler bilen sazlaşykly guralan sapaklaryň dowamynda harby talyplar bilen atyjylyk ýaraglaryndan ot açmak, söweşjeň harby tehnikalary dolandyrmak, taktiki tälimleri berjaý etmek ýaly wezipeler öwredildi. Netijede, meýdan çykyşlary maksadyna ýetdi diýlip bellenildi. Merdan NURYMOW, podpolkownik.

Bahar geldi ilime

Ýakynda 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde bölümçeleriň we serhet galalarynyň arasynda «Bahar geldi ilime» ady bilen diwar synlamalary boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşan, çeper döredijilik bilen meşgullanýan harby gullukçylar öz çeken suratlarynda ajaýyp bahar paslyny, gurlan altyganat ak öýi, zenanlar tarapyndan türkmeniň milli tagamlary bolan pişmäniň we semeniniň taýýarlanyp durlan pursatlaryny beýan etdiler. Adyndan hem belli bolşy ýaly, geçirilen bu bäsleşik gullugymyzyň durmuşynda watançylyk ruhunyň dabaralanmasynyň nobatdaky görkezijisi boldy.

Mukaddes ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirýän taryhy işleri bütin halkymyz tarapyndan goldanylyp, Watanymyzyň görküne görk goşýar. Muňa ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi, oňa bütin halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda miweli we saýaly baglaryň, üzümiň ekilmegi, öňki ekilen baglara zerur bolan degişli idegleriň geçirilmegi hem-de şeýle mukaddes ýörelgäniň netijesinde daş-töweregimiziň al-ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmegi aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle işler 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilen baglara wagtly-wagtynda ideg edilip, düýpleri ýumşadylyp, haşal otlardan arassalanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen baglar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu, ekologik taýdan peýdaly bolup, suwuň tygşytly ulanylmagy we agaç nahallarynyň gowy suwarylmagy üçin zerur bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa tutuş ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny we sagdyn durmuş ýörelgeler

Saz bilen söz sazlaşanda...

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň harby aýdym-saz toparlarynyň arasynda «Serhet owazlary» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralan bu bäsleşik ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmegi, Serhet gullugymyzda harby gullukçylaryň sungata höwesini artdyrmagy, olaryň watansöýüjilik ruhuny belende götermegi, şeýle hem aýdym-saz sungatyna höwesli harby gullukçylary ýüze çykarmagy we goldamagy maksat edinýär. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk owazy» şygary bilen geçirilen bäsleşik üç tapgyrda guraldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatynda öňe sürýän taryhy syýasatyndan ugur alnyp, onlaýn görnüşinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda sungat bilen sazlaşykly gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullukçylar, diňe bir aýdym aýdyp bilijilik ukyplaryny däl, dürli saz gurallaryna hem ezberlik bilen erk edip bilýändiklerini açyp görkezdiler. Ýörite hünärmen serkerdeler tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň her biriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryna adalatly baha berildi.

Işewürleriň işleri ileri...

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir raýat, her bir adam «Döwletiň berkemegi we gülläp ösmegi üçin men näme edip bilerin?» diýen sowaly öz-özüne bermelidir» diýen parasatly jümlesi bütin adamzat nesli üçin asuda we abadan ýaşaýşyň, ösüşleriň aýdyň ýoluny nazarlamagyň çelgisi bolmak bilen, agzybir watandaşlarymyzy öz zähmet çekýän pudaklarynda il-halkyň bähbidini arap, höwesli zähmet çekmeklerine iterýär. Munuň aýdyň mysalyny Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleriniň ýokary hilli we ilat üçin elýeterliligi bilen delillendirmek mümkindir. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen hojalyk jemgyýetleriniň islendik hünärmeni bilen söhbetdeş bolanyňda-da, olar hojalyk jemgyýetlerindäki işleriň gün-günden ilerleýändigini tekrarlaýar. Bu günki gün işleri ileri işewürleriň öndürýän önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna yzygiderli ugradylyp başlanylmagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki işewürleriň gazanýan üstünlikleri güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilige döredýän giň mümkinçiliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sanly dünýäniň açary

Sanly ulgam, onuň sanýetmez mümkinçilikleri hakyndaky söhbediň soňuna çykma ýok. Ol gürrüň, edil, sanly dünýäniň özi ýaly giň, şonuň ýaly-da gyzykly. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda giň gerimde alnyp barylýan işler hakynda pikir öwreniňde bolsa, gürrüňiň ýumagy çözlene-çözlene, ýene-de sanly dünýä hakyndaky söhbede tarap geliberýär. Sanly ulgam diýlende, ilki bilen, adam durmuşyny, zähmetini ýeňilleşdirýän, şol bir wagtyň özünde hem işiň-amalyň netijeliligini hem-de hilini artdyrýan ulgam hakydaňda janlanýar. Dogrudan hem, toplumlaýyn sanly ulgama geçilmeginden ilkinji maksat hem şundan ybarat dälmi, eýsem? Sanly dünýäniň açary, asyl, şu dälmi, näme? Durmuşy aňsatlaşdyrmak, ösüşlere bat bermek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, başyna barlan her bir işiň aňrybaş derejede ýerine ýetirilmegi üçin bolsa, ilki bilen, iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam — bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt. Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama esaslanyp, asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmek dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Ä

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Aşgabat

Aşyklaryň, aýdyňlygyň şäheri,Aýdymlaň sözbaşy — gözel Aşgabat!Owalahyr ýatladyp dur bahary,Şanyňa çekilip gazal, Aşgabat! Gündizleriň nurly Günden nurlanyp,Gijeleriň yşyklarda durlanyp,Sergin şemal aşyk deýin pyrlanyp,Berýär baglaryňa bezeg, Aşgabat!

Gün-günden güýç alyp, ösýär Aşgabat!

Şahyr Gara Seýitliýewiň: Gamly göwünleri açar Aşgabat,Gün-günden güýç alyp, öser Aşgabat! —

Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

Bu gün bahar paslynyň ajaýyplygy bilen aýratyn gözelleşen Aşgabady «Aşgabat — 140», «Aşgabat — 1881 — 2021», «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat», «Merjen şäher Aşgabat» diýen owadan reňkler bilen ýazylan, dürli çyralar bilen bezelen şekiller has hem owadan görkezýär. Bu şekilleri göreniňde, halkymyzyň paýtagtymyzyň şanly toýuna ýokary derejede taýýarlanýandygyny duýmak bolýar. Diňe bir biz däl, eýsem, tebigat hem ýeňini çermäp, daş-töweregi bezemegiň aladasynda. Iki ýana ýortup işleýän işeňňir ýaz, tebigaty al-ýaşyl lybasa bezäp, boýap ýör. Agaçlaryň birnäçesini pyntykladyp, käbirlerini akly-gyzyl güljagazlar bilen bezeýär. Şeýle ajaýyp tebigatyň gujagynda gyzaryp dogan Gün, paýtagtymyzyň hatar-hatar mermer binalaryna altynsow şöhlesini saçyp, günbataryň gujagyna sary howlugýar. Asuda asmanyň eteginde iki ýana ýuwaşlyk bilen tirkeşip barýan bulutlar bolsa, parahat ýurt hakynda söhbet edýäne çalymdaş. Hawa, ynha bu ýyl, has takygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ösüşli, özgerişli, bagtyýar ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat 140 ýaşaýar. Hawa, 140 ýyl! Bu taryhy ýyllaryň içinde paýtagtymyzda barmak basyp sanardan kän işler durmuşa geçirildi. Geçen 140 ýylda ýerine ýetirilen taryhy işler hakynda oýlananyňda, täsinden täsirli kitaby okap çykanyňdaky duýgyny başdan geçirýärsiň. Şol kitapdaky gyzykly ýatlamalary ýandepderçäňe belläp goýýarsyň. Olar saňa 140 ýaşa

Aşgabat!

Gözel görküň arzuwlarmyň tugrasyWysal berdi ak säheriň, Aşgabat!Her binaň binýady bagtyň şuglasy,Ak bagtymsyň, ak şäherim Aşgabat! Ak niýetden boglan ter bägülleriňbilen bezediň sen ömrüň günlerin.Men görküňe aşyk, waspçy dilberiň,Gök asmany päk şäherim Aşgabat!

Watanymyzyň asudalygynyň goragy mukaddes hem-de mizemez belent borçdur

Şu ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň tabynlygyndaky düzümlerde ýerine ýetirilen işler barada hormatly Belent Serkerdebaşymyza hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän h

Watan goragçylaryna hem-de milli mirasymyza belent sarpa

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem mähriban Arkadagymyz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu düzümler häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde harby we hukuk goraýjy edaralarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda düzgün-tertibiň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.

Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!

Toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini, goşa toýuň şanyna bagyşlanan döredijilik bäsleşiklerini Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrdy. Şeýle toýly ýylymyzyň ýazynda eziz Arkadagymyzyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda özüniň mynasyp ornuny tapan Akhan atly atynyň Aşgabat atly ilkinji taýçanagynyň dünýä inmegi-de taryha täze üstünliklerini ýazýan ýylymyzyň şanyna şan goşdy. Milli Liderimiziň şol günki şatlykly pursatlarda ylhamy joşup döreden «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusynda:

Ahalteke bedewlerimiziň şanyna

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şahsy düzümiň arasynda ahalteke bedewlerimiziň şanyna geçirilýän çärelere Serhet gullugynyň tejribeli harby gullukçylary, degişli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Şeýle çärelerde ilkinji gürrüňler ahalteke bedewlerimiziň dünýäde saýlama hem seýrek duş gelýän atlardygy, olaryň gelip çykyşy, aýratynlygy hakynda boldy. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda atçylyk pudagymyzyň, seýisçilik sungatymyzyň ösdürilişi, Watan goragyny alyp barmakda, hususan-da, dost-doganlyk araçäklerimizi goramakda ahalteke bedewlerimiziň gulluk atlary hökmünde peýdalanylyşy barada gürrüň edildi. Türkmen bedewlerine bagyşlanan şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar at-owazasy äleme dolan milli baýlygymyzyň — ahalteke bedewlerimiziň elmydama giň sähralarymyzy bezäp, aýlawlarymyzy baglap durmaklaryny arzuw etdiler.

Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten sepgitlerine halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanylýan üstünlikler hem şaýatdyr. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen ders bäsleşikleri geçirilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Şonda 10-njy synp harby okuwçysy Şatlyk Nazarow fizika dersinden 3-nji orna mynasyp boldy we bäsleşikleriň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Şeýle hem, geçirilen dersara bäsleşiklerinde 8-nji synp harby okuwçylaryndan Begzad Allabergenow himiýa dersinden, Wepa Ýaraşow informatika dersinden, Begzada Çaryýew fizika dersinden 1-nji, Nurmyrat Meredow 2-nji, Şyhmyrat Baýmyradow bolsa rus dili dersinden 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ders bäsleşiklerinde gazanylan bu üstünlikler indiki bäsleşiklere has gowy taýýarlanyp, öňdäki orunlary eýelemäge itergi berýär.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň Watany

Baş baýlygymyzy goramagy baş maksadyna öwrüp, bu ulgam babatda oňyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary netijeli sport hereketi giň gerime eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ähli ilaty, aýratyn-da, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de yzygiderli ulanylmaga berilýär. Olar ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmaklary we mähriban Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin zerur tagallalar edilýär.

«Sen türkmeniň Ýulduz gyzy — Ýyldyzy!»

Aýazly gyşy ak garsyz, güýzi şahyr Gurbannazarsyz, ýaşyl ýazy gülsüz, tomsy bolsa Günsüz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aýly agşam diýlende, ýyldyzlaryň göz öňüňe gelşi ýaly, zenanlaryň arasyndaky agyr atletika diýlende hem, dünýä sportunyň parlak ýyldyzy — Ýulduz Jumabaýewa göz öňüňe gelýär. Çünki ol, ýeňişlere bolan ynamymyzy Watanyň abadan ertirine bolan ynam bilen deňeýän hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen türgenleriniň üstünliginden durmuşa hyjuwlylygyň synmazlygy duýulýar. Sport biziň üçin ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr.» diýen sözlerinden ruhlanyp, dünýä rekordyny täzelän yrylmaz yhlasly türgen. Ol, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyndan we baş kätibinden gelip gowşan hatda beýan edilen hoş habar bilen her bir türkmenistanlyny uly buýsanja, guwanja beslän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, ol ak mermerli binalary bilen ösüşler barasynda sözsüz söhbet açýan paýtagtymyz Aşgabadyň 140-njy ýazynyň ilkinji aýynyň 10-njy gününde dünýäniň agyr atletikasynyň zenanlar mekdebindäki iň uly üstünligini taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazan edenli türkmen gyzy, ol, dünýädäki iň bagtly eje bilen kakanyň perzendi. Ýulduza ähli türkmen enesi Emine eje bolup, türkmeniň ähli ýaşululary Alymbaý kaka bolup, bedewlerini uçar ganatyna deňeýän tür

Ynsana berlen peşgeş

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeli adyl, öňdengörüjilikli syýasatynyň esasyny düzýän, türkmen jemgyýetini batly depginler bilen netijeli ösdürmäge, pugtalandyrmaga, kämilleşdirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem halkymyzyň saglygyny goramakdyr. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglyklarynyň goralmagy babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamyndaky meseleleri üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzda halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda edilýän işler halkyň bähbidinden ugur alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda örän uly ähmiýete eýedir. Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, onuň durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biri, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Döwlet tarapyndan ynsan saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýöne fiziki hem ruhy saglygy gorap saklamak, berkitmek babatda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny-da asla unutmak bolmaz. Bedeniň fiziki işjeňliginiň pesligi (gipodinam

Netije

(hekaýa) Olaryň her biri ugurdaş ýoluň ýolagçylary ýaly bolup gelýärdi. Üç sany adam — bir serkerde bilen iki sany esger — ýoluň soňunda bir nokada birikmeli ýodalar ýaly, kä üçburçlugy emele getirip, käte ugurdaş kesimlere meňzäp ýöreýärdiler. Olaryň hiç birinden ses çykmasa-da, daş-töweregini gurşap alan daglardan welin, ses çykýardy. Nirededir bir ýerde hökman suwuň bolaýmalydygy baradaky pikiri guşlaryň jürküldileri tassyklaýardy, ýöne üç sany harby gullukçynyň ýadaw gözleri erkana guşlaryň hereketini yzarlardan asgyndy. Olaryň öz maýdallaryna ýuwaşjadan ädimläp gelişleri, tutuş dünýäni bir tarapa, olaryň özünem bir tarapa goýýardy.