Sanly dünýäniň açary

14 Aprel 2021
1055

Sanly ulgam, onuň sanýetmez mümkinçilikleri hakyndaky söhbediň soňuna çykma ýok. Ol gürrüň, edil, sanly dünýäniň özi ýaly giň, şonuň ýaly-da gyzykly. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda giň gerimde alnyp barylýan işler hakynda pikir öwreniňde bolsa, gürrüňiň ýumagy çözlene-çözlene, ýene-de sanly dünýä hakyndaky söhbede tarap geliberýär. Sanly ulgam diýlende, ilki bilen, adam durmuşyny, zähmetini ýeňilleşdirýän, şol bir wagtyň özünde hem işiň-amalyň netijeliligini hem-de hilini artdyrýan ulgam hakydaňda janlanýar. Dogrudan hem, toplumlaýyn sanly ulgama geçilmeginden ilkinji maksat hem şundan ybarat dälmi, eýsem? Sanly dünýäniň açary, asyl, şu dälmi, näme? Durmuşy aňsatlaşdyrmak, ösüşlere bat bermek.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, başyna barlan her bir işiň aňrybaş derejede ýerine ýetirilmegi üçin bolsa, ilki bilen, iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam — bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt. Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama esaslanyp, asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmek dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Ähli zat eliň aýasynda. Esasy zat, şol aýanyň hemişe açyk bolmagy üçin bu ulgama toplumlaýyn geçilmegi zerur. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy babatdaky işler hem şundan söz açýar. Şulardan çen tutsaň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda sanly ulgama geçmek babatda durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda dowam etdirilýän işler uzak hem-de ýagty geljegi nazarlaýar.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň talyby.