Saz bilen söz sazlaşanda...

14 Aprel 2021
991

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň harby aýdym-saz toparlarynyň arasynda «Serhet owazlary» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralan bu bäsleşik ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmegi, Serhet gullugymyzda harby gullukçylaryň sungata höwesini artdyrmagy, olaryň watansöýüjilik ruhuny belende götermegi, şeýle hem aýdym-saz sungatyna höwesli harby gullukçylary ýüze çykarmagy we goldamagy maksat edinýär.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk owazy» şygary bilen geçirilen bäsleşik üç tapgyrda guraldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatynda öňe sürýän taryhy syýasatyndan ugur alnyp, onlaýn görnüşinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda sungat bilen sazlaşykly gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullukçylar, diňe bir aýdym aýdyp bilijilik ukyplaryny däl, dürli saz gurallaryna hem ezberlik bilen erk edip bilýändiklerini açyp görkezdiler. Ýörite hünärmen serkerdeler tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň her biriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryna adalatly baha berildi.

Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina.