Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

14 Aprel 2021
1022

Bu gün bahar paslynyň ajaýyplygy bilen aýratyn gözelleşen Aşgabady «Aşgabat — 140», «Aşgabat — 1881 — 2021», «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat», «Merjen şäher Aşgabat» diýen owadan reňkler bilen ýazylan, dürli çyralar bilen bezelen şekiller has hem owadan görkezýär. Bu şekilleri göreniňde, halkymyzyň paýtagtymyzyň şanly toýuna ýokary derejede taýýarlanýandygyny duýmak bolýar. Diňe bir biz däl, eýsem, tebigat hem ýeňini çermäp, daş-töweregi bezemegiň aladasynda. Iki ýana ýortup işleýän işeňňir ýaz, tebigaty al-ýaşyl lybasa bezäp, boýap ýör. Agaçlaryň birnäçesini pyntykladyp, käbirlerini akly-gyzyl güljagazlar bilen bezeýär. Şeýle ajaýyp tebigatyň gujagynda gyzaryp dogan Gün, paýtagtymyzyň hatar-hatar mermer binalaryna altynsow şöhlesini saçyp, günbataryň gujagyna sary howlugýar. Asuda asmanyň eteginde iki ýana ýuwaşlyk bilen tirkeşip barýan bulutlar bolsa, parahat ýurt hakynda söhbet edýäne çalymdaş.

Hawa, ynha bu ýyl, has takygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ösüşli, özgerişli, bagtyýar ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat 140 ýaşaýar. Hawa, 140 ýyl! Bu taryhy ýyllaryň içinde paýtagtymyzda barmak basyp sanardan kän işler durmuşa geçirildi. Geçen 140 ýylda ýerine ýetirilen taryhy işler hakynda oýlananyňda, täsinden täsirli kitaby okap çykanyňdaky duýgyny başdan geçirýärsiň. Şol kitapdaky gyzykly ýatlamalary ýandepderçäňe belläp goýýarsyň. Olar saňa 140 ýaşa gadam basan şäheriň ilkinji ädimlerini, geçen taryhy we buýsançly ýollaryny ýatladýar.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.