"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Bedewler biziň bagtymyzyň badalgasy»

«Lapykeç bolup, kellesi agyryp, bedeni bogun-bogun söküldi, saglygyny ýitirip başlady. Ýüregi gysyp, janyna jaý tapmady, dünýä sygmady. Onuň derdini dep etjek bolup edilen emler hem peýda bermedi. Dünýäde bedewe söýgüden näsaglanylýandygy heniz olaryň tejribesinde ýokdy. Jennet şonda bedewleri görmekden başga hiç zady islemedi. Ony gyzykdyryp, dünýä öňki yhlasyny gaýtaryp bilýän güýç ýokdy. Ýöne ataň-eneň ýüzüne gelmek hem akylyna sygmaýardy. Daşynda pelesaň urýan mähribanlaryna gyz bu ýagdaýy doly aýdyp biljekmi?! ...Jennetiň düşen gününi eşidip, nähilidir bir ýol bilen gyzyň kakasyna düşündirmeli diýen karara geldim. Ýöne gyzyň kakasyna muny nähili ýagdaýda düşündirmeli, öňdäki wezipe hem şondady. Perzendiň, onda-da gyz maşgalanyň geljegi barada ata-enä daşyndan özge biriniň baryp maslahat bermeginiň nähili kabul ediljekdigi belli däldi. Ýöne ahyrynda gyzyň ykbaly şuny talap edýärdi. Hawa, türkmençilikde iňňän paýhaslylyk bilen ylalaşyk gazanylmagyna töwella diýilýär.

Saglygy goraýşyň döwrebap derejesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ynsan saglygynyň goraglylygynyň gözbaşynda durýan degişli kanunlar bagtyýar halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan saglygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz saglygyň hem ruhubelentligiň sakasy hökmünde bedenterbiýe türgenleşiklerine aýratyn üns berýär. Ilatyň sport bilen meşgullanmagy üçin döwrebap sport desgalaryny gurduryp, arassa howaly jenneti seýilgähleri döredip, olarda halkyň işden boş wagtlaryny gezim edip, sapaly geçirmekleri ugrunda zerur şertleri döredýär. Bularyň ählisi, adam ömrüni uzaltmagyň ajaýyp başlangyjydyr.

Ýeňşe bolan ynam

Öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň ykbaly bedew aty bilen berk baglydyr. Çünki halkymyz taryhda yz goýan ýeňişlerini öz bedew atyna atlanyp, batyrlygy, mertligi ýaran edinip gazanypdyr. Şol ýeňişlerde türkmenleriň asyrlaryň dowamynda tebigy seçgi, irginsiz türgenleşikler, seýisçilik sungaty bilen kemala getiren bedewiniň söweşjeň häsiýetiniň hem orny uludyr. Ahalteke atlary has düşbüligi, sarçlygy hem-de eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýarlar. Türkmen halky, ýurdy goramak üçin kämil ýaraglary ýasap, özboluşly harby tilsimleri gurap bilipdir we şonuň bilen birlikde, başa-baş söweşde doly artykmaçlyk döredýän bedew aty kämil derejede peýdalanmagy hem başarypdyr. Ol türkmen üçin halasgär, dost, maşgala agzasy hökmündäki orna eýedir, ýagny ynsan mertebesine ýetirilen mukaddeslikdir. Bedew atyň tebigy endiklerini ynsanyň dünýägaraýşy bilen sazlaşdyrmak ata-babalarymyza başardypdyr. Şeýle-de bedew atyň çuslygy, sarçlygy, ynsana mahsus düşbüligi ynsan hereketleri bilen dürs sazlaşyga ýetirilendir. Bedew ata adam tarapyndan endik etdirilen hereketler hem haýran galdyryjy täsinligi bilen tapawutlanýar. Türkmen ýigidi öz atyna özi ideg edip, özi seýisläpdir. Öz atyny hiç kime ynanman, oňa diňe özi aýawly münüpdir. Şonuň üçin hem, türkmen ýigidi bilen bedew atyň arasynda haýran galdyryjy ysnyşyklyk emele gelipdir. Ahalteke bedewi hem öz eýesinden başga kişileri golaýy

Gözelligiň we bagtyýarlygyň şäheri

— Binalaryň ak mermerden Aşgabat! — Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

Joşgunymyň gözbaşy sen — Aşgabat!

Aşgabadyň seýilgählerine seýle çykmak, iň gowy görýän endiklerimiň biri. Men bu endigimden ullakan lezzet alýaryn. Ýogsa, zenan maşgala üçin boş wagtam ýok, öýüň ownuk-uşak hysyrdysyndan daşgary-da, iş-alada az däl. Meselem, okuwçylaryňa nähilidir bir täze zat öwredip biler ýaly, mekdepde ertirki geçjek sapaklaryňa ykjam taýýarlanmaly, okuw meýilnamaňy kadaly we gyzykly edip doldurmaly, içeriniň arassaçylygy, egin-eşikleriň tämizligi, üç wagtyna biri-birinden tagamly taýýar bolmaly tagamlaram biz — zenanlara garaşyp dur. Emma, şeýle-de bolsa, men şol işleriň daşyndan ak şäherimiz Aşgabada seýil etmäge hökman wagt tapýaryn. Onuňam sebäbini, men mümkin boldugyndan düşündirjek bolaýyn. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi. Watan bolsa, biziň hemmämiziň başymyzyň täji! Diýmek, Aşgabat biziň mähriban Watanymyzyň günbe-günden güýçlenip, beýgelmeginde esasy orun tutýan gymmatlyk. Ýüregi sagdyn, arassa, abat bolan adamyň gujurly, ruhubelent, şadyýan, maksada okgunly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň gözelligi, abadanlygy, tämizligi, sebitde parahatçylyk merkezi diýlip ykrar edilmegi, ata Watanymyz Türkmenistanyň mertebesini has-da beýgeldip, at-owazasyny giň jahana doldurýar. Paýtagtymyza edýän gezelençlerim hem, şol janly we okgunly ösüşi hut gözüň bilen synlamak diýsem, dogry bolar.

Bagşy bilen ozan gelsin

Il içinde gowulygy, döwletliligi aňlatmakda ulanylýan «ozan» sözüniň «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» iki hili manysy bar: «Ozan (ozon), at. 1. Gadym zamanlarda türki halklarda saz çalyp, goşgy aýdýan şahyr, bagşy. 2. Ilden öňe saýlanýan öňbaşçy, parasatly adam, uly şahsyýet. («Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler (nakyl)».

Alabaýym

Şygyrlaryn okap Arkadagmyzyň,Hormatym has artdy Alabaýyma.Egsilmeýän ruhy gymmatlyk bolup,Düşüpdir halkymyň ykbal paýyna. Ençe ýyllap çölde gezen çopanlar,Deňeýärler alabaýyn galkana.Gurt, möjekden gorap mal-u-janyny,Bäş müň ýyldyr wepalydyr halkyma.

Şan-şöhraty äleme dolan buýsançlarymyz

Ýürek joşgunlaryndan dörän aýdymlar mähriban Watanymyzy, dünýämizi bezeýär. Eziz Diýarymyzda uludan tutulýan toý-baýramlar, olarda ýaňlanýan aýdym-sazlar bilen halkymyzyň ömri uzaýar. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şu ýyl milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilip geçilýär. Şu maksat bilen baýramçylyk günlerinde, ýagny düýn, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr. Şu mejlisiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

«Çyn bedewler meýdanynda bellidir»

Mertlik-merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Çünki halkymyzyň milli ýaşaýyş medeniýetinde uly orun eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup, ýürekleriniň buýsanjyna, köňülleriniň senasyna öwrülipdir. Ir döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty hasaplanylýan bedew atlarymyzyň wepadarlygy ajaýyp nusgawy eserlerimizde öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halk döredijiliginde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň, jümleleriň köplügi halkymyzyň atyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Elbetde, bedew hakda «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly ençeme pähimleri döreden halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Galamdan öň tutulan jylaw

­Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Menzil — biziň paýhas gory jemlenen dilimizde wagta many jähetden baha bermegiň ölçegi bolup durýar. Köp-köp menzil aşmak — durmuşyň aňa paýhas bilen salýan tejribesini özleşdirmegi aňladýar. Ýigit bedewi bilen şol menziliň paýhas ölçegindäki manylylygyny gazanyp bilýär. Ine, ahalteke bedewiniň biziň buýsanjymyza hem şöhratymyza eýe bolmagynyň aňyrsynda hem şu tebigy ýagdaý bardyr. Onuň gadymyýetden bäri, müňýyllyklar aşyp gelmeginiň aňyrsy hem şu kanuny ýagdaýyň türkmen durmuşyna ir mälim bolmagyndadyr.

«Beýik binalar görner»

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dünýä mirasyna ylahy egsilmez zehini bilen, beýik ruhy-pelsepesine ýugrulan şygryýetini bagyş etdi. Dana Pyragynyň peşgeş beren gaýtalanmajak, medeni-edebi, baý mirasynyň çuňňur öwrenilmeginiň çäginiň ýokdugyna bu gün has-da ýakyndan göz ýetirýäris. Beýik söz ussadynyň kämil eserleri halkymyzyň arzuwlan parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik ýaly ynsan mertebesini ýokary götermäge ýugrulan oý-pikirleri bilen ynsany ynsanperwerlige ymtyldýar. Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi älem giňişligini ýadyňa salýar. Ol diňe bir ugurdan däl, islendik temadan alanyňda-da aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän dürler hazynasy. Şahyryň pelsepä ýugrulan çuňňur şygryýetine düşünmek, akyl ýetirmek üçin ýetmesi kyn ýollar, çykmasy kyn beýikden-beýik dag gerişleri keserip duran ýaly görünýär.

­Adyň älem içre aýdym, Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat hem gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, edaradyr kärhanalar özboluşly binagärlik keşbini emele getirýärler. Köp sanly seýilgähler, suw çüwdürimleriň toplumlary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Ak şäherimizi okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, durnukly ösýän şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri çözmäge gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýan hukuknamalaryň kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekdäki işler gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Alabaýym bagtdan nyşan, bedew atym — gaýratdan

«Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli ajaýyp nusgasy bolan alabaýymyzda bolsa bagtyny görüpdirler». Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň düýp esasynda halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdiren mukaddesliklerine goýýan sarpasy, hormaty ýatyr. Alabaýlar tebigaty boýunça özboluşly häsiýetli bolup, wepalylygyň nusgasydyr. Ahalteke atlarymyz bolsa özleriniň duýgurlygy, mähribanlygy bilen tapawutlanýarlar. Munuň şeýle bolmagy bolsa olary seýislemegiň, arassa ganyny saklamagyň aýratynlyklary bilen şertlendirilýär. Asyrlaryň dowamynda türkmenler wepaly hemrasy bolan alabaý itlerini, ýakyn syrdaşy bolan bedewlerini öz ýanlaryndan goýmandyrlar. Biziň milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke bedewlerimiz özleriniň owadanlygy, mähribanlygy, ýyndamlygy, wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýýan bolsa, alabaý itlerimiz özleriniň akyllylygy, çäksiz edermenligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary bilen tapawutlanýarlar. Köp ýyllaryň dowamynda milli Liderimiz bedewlerimiz, alabaý itlerimiz barada maglumatlary toplamaga, ýurdumyzyň çäklerinde iň gadymy ýaşaýyş ýerleri hasaplanýan Jeýtunda, Altyndepede, Marguşda netijeli arheologiýa işleriniň geçirilmegine aýratyn üns berdi. Beýleki maglumatlar bilen bir hatarda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde bedewlerimize, alabaýlarymyzyň tohumlaryna degişli gyzykly maglumatlar tapyldy. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamy

Türkmen gerçeginiň hemrasy

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen gerçeginiň hemrasy ahalteke bedewiniň şan-şöhraty mähriban Watanymyzyň abraýyny beýgeldýär» diýip belleýär. Hawa, bu jaýdar bellenen hakykat türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny bezän taryhy ykbaly. «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilmesinde-de halkyň pähim-paýhasy nesillere öwüt-ündew bolup gelýär. Hut şonuň üçin hem türkmenlerde «At — myrat» diýlen aýtgy bar. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynda şeýle aýratyn ýer edinen, şanyna döwlet derejesinde toý tutulýan bedewler, hakykatdan hem hemişe wasp edilmäge mynasypdyr. Çünki ýelden ýüwrük bedew atlaryň gymmaty, agramy ähli ölçeg birlikleriniň çäginden çykyp, has ýokarda durýar. Şol bir wagtyň özünde geçmişde bedewler ähli babatda ynsan ýaşaýşynyň hakyky hemaýatçysy hökmünde çykyş edendikleri üçin, belent mertebä eýedirler. Türkmen gerçeginiň hemrasy bolan şeýle ajaýyp ahalteke bedewleri hakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkmen gerçegi bedewi bilen myradyna ýetýär» diýip bellemek bilen, ýigidiň gerçekligi bilen bedew söýgüsiniň arabaglanyşygyny düýpli açyp görkezýär. Eziz Arkadagymyz bu eserinde taryhyň gatbar-gatbar goýnunda bedew atyna atlanyp, göreni haýran eden türkmen gerçeginiň geçmişiň sahypalarynda galdyran şöhratly yzlary hakynda, goç ýigidiň ýakyn dosty hasaplanan türkmen bedewiniň dünýä ýaň salan şöhraty we türkmen halkynyň baý ruhy

Binalary gözel görkli Diýarym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryna barýar. Mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şanly seneler mynasybetli, 12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň açylyş dabaralary boldy. Şonuň ýaly-da, düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi boldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanyldy we bu mejlisde mähriban Arkadagymyz taryhy söz sözledi. «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynda döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy bar. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde müşderileriň 250-den gowragyny kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler. Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzak möhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär. Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň g

Dünýä nusgalyk görelde

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar. Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini aýratyn belleýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiziň yklymara energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny sebit we dün

Sagdyn durmuşyň ygtybarly ýörelgesi

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Baýdak — mertebe çelgisi

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerine söweşjeň baýdaklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Degişli ýolbaşçylaryň, harby bölümleriň serkerdeleriniň we şahsy düzüminiň, şeýle-de harby talyplaryň hem-de harby okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi we ýatdan çykmajak waka hökmünde Ýaragly Güýçlerimiziň taryhyndan orun aldy. Söweşjeň baýdaklara mynasyp bolan harby bölümleriň serkerdeleri ýaşyl Tuguň syýyndan öpüp, ellerini ýürekleriniň üstünde goýup, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden gulluk etjekdikleri barada wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Sebäbi türkmenler gadymy döwürlerden bäri hem Watan goragçylarynyň söweşjeň başarnyklaryna uly ähmiýet beripdirler. Häzirki eýýamda edermen we gaýduwsyz serkerdeler ata-babalarymyzyň bu ugurdaky harby däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Bu gün oňyn Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň ähli düzgünlerine gyşarnyksyz eýerýär, howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de goşunyň ýokary goranyş ukyplylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Garaşsyzlygymyzyň mukaddes dessury

Halkymyzda eziz Watana wepaly gulluk etmek, hemişe-de uly hormat-sarpa hasaplanylypdyr. Ata Watanymyzyň ýeňişden doly şöhratly taryhy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurt goran merdana pederlerimiziň mukaddes harby däpleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly harby syýasatynyň özenini düzýär. Edermen, beden we ruhy taýdan durnukly harby gullukçylar Watanymyzyň buýsanjy we polat galkany bolup, şol synmaz däpleri mynasyp dowam etdirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy goramak bolsa, olaryň baş taglymydyr. Olar dabaraly harby ýörişlerde hem şol taglyma ygrarlydyklaryny aýdyň görkezýärler. Harby ýöriş — harby gullugyň, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýrylmaz dessury hasaplanylýar. Her ýyl Baş münberiň öňünde dabaraly harby ýörişiň geçirilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde aýratyn täsir döredýär. Sebäbi Garaşsyzlygyň gazanylmagy — bu biziň köpasyrlyk taryha eýe bolan edermen halkymyzyň wysal bolan arzuwy. Şonuň üçin gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen sazlaşyp gelýän Garaşsyzlyk baýramy bu ýyl has-da belentden dabaralandyrylar.