Alabaýym bagtdan nyşan, bedew atym — gaýratdan

21 Aprel 2021
1103

«Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli ajaýyp nusgasy bolan alabaýymyzda bolsa bagtyny görüpdirler». Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň düýp esasynda halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdiren mukaddesliklerine goýýan sarpasy, hormaty ýatyr. Alabaýlar tebigaty boýunça özboluşly häsiýetli bolup, wepalylygyň nusgasydyr. Ahalteke atlarymyz bolsa özleriniň duýgurlygy, mähribanlygy bilen tapawutlanýarlar. Munuň şeýle bolmagy bolsa olary seýislemegiň, arassa ganyny saklamagyň aýratynlyklary bilen şertlendirilýär. Asyrlaryň dowamynda türkmenler wepaly hemrasy bolan alabaý itlerini, ýakyn syrdaşy bolan bedewlerini öz ýanlaryndan goýmandyrlar. Biziň milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke bedewlerimiz özleriniň owadanlygy, mähribanlygy, ýyndamlygy, wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýýan bolsa, alabaý itlerimiz özleriniň akyllylygy, çäksiz edermenligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary bilen tapawutlanýarlar.

Köp ýyllaryň dowamynda milli Liderimiz bedewlerimiz, alabaý itlerimiz barada maglumatlary toplamaga, ýurdumyzyň çäklerinde iň gadymy ýaşaýyş ýerleri hasaplanýan Jeýtunda, Altyndepede, Marguşda netijeli arheologiýa işleriniň geçirilmegine aýratyn üns berdi. Beýleki maglumatlar bilen bir hatarda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde bedewlerimize, alabaýlarymyzyň tohumlaryna degişli gyzykly maglumatlar tapyldy. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda atlaryň we itleriň jaýlanan ýerleri eýýäm, şol döwürde bu jandarlara aýratyn garalandygyna, olara diňe bir emläkleri däl, eýsem, öz maşgalasynyň bir agzasy hökmünde uly orun berlendigine şaýatlyk edýär. «At — myrat», «It geldi, gut geldi» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Halkymyzyň wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplanylyp gelen bu ajaýyplyklarynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy bilen bir hatarda eýesine wepalylygy barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz halkymyza peşgeş beren «Türkmen alabaýy», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp kitaplarynda taryhy we ylmy maglumatlaryň, şeýle-de tymsallaryň üsti bilen giňişleýin düşündirýär. Köp sanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewleriň, batyr alabaýlaryň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny görkezýär.

Açylbaý AÇYLOW,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň harby gullukçysy.