Şan-şöhraty äleme dolan buýsançlarymyz

21 Aprel 2021
815

Ýürek joşgunlaryndan dörän aýdymlar mähriban Watanymyzy, dünýämizi bezeýär. Eziz Diýarymyzda uludan tutulýan toý-baýramlar, olarda ýaňlanýan aýdym-sazlar bilen halkymyzyň ömri uzaýar. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şu ýyl milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilip geçilýär. Şu maksat bilen baýramçylyk günlerinde, ýagny düýn, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr. Şu mejlisiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.

«Esger».