Saglygy goraýşyň döwrebap derejesi

28 Aprel 2021
826

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ynsan saglygynyň goraglylygynyň gözbaşynda durýan degişli kanunlar bagtyýar halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan saglygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz saglygyň hem ruhubelentligiň sakasy hökmünde bedenterbiýe türgenleşiklerine aýratyn üns berýär. Ilatyň sport bilen meşgullanmagy üçin döwrebap sport desgalaryny gurduryp, arassa howaly jenneti seýilgähleri döredip, olarda halkyň işden boş wagtlaryny gezim edip, sapaly geçirmekleri ugrunda zerur şertleri döredýär. Bularyň ählisi, adam ömrüni uzaltmagyň ajaýyp başlangyjydyr.

Sahid ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.