Ýeňşe bolan ynam

28 Aprel 2021
684

Öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň ykbaly bedew aty bilen berk baglydyr. Çünki halkymyz taryhda yz goýan ýeňişlerini öz bedew atyna atlanyp, batyrlygy, mertligi ýaran edinip gazanypdyr. Şol ýeňişlerde türkmenleriň asyrlaryň dowamynda tebigy seçgi, irginsiz türgenleşikler, seýisçilik sungaty bilen kemala getiren bedewiniň söweşjeň häsiýetiniň hem orny uludyr. Ahalteke atlary has düşbüligi, sarçlygy hem-de eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýarlar. Türkmen halky, ýurdy goramak üçin kämil ýaraglary ýasap, özboluşly harby tilsimleri gurap bilipdir we şonuň bilen birlikde, başa-baş söweşde doly artykmaçlyk döredýän bedew aty kämil derejede peýdalanmagy hem başarypdyr. Ol türkmen üçin halasgär, dost, maşgala agzasy hökmündäki orna eýedir, ýagny ynsan mertebesine ýetirilen mukaddeslikdir. Bedew atyň tebigy endiklerini ynsanyň dünýägaraýşy bilen sazlaşdyrmak ata-babalarymyza başardypdyr. Şeýle-de bedew atyň çuslygy, sarçlygy, ynsana mahsus düşbüligi ynsan hereketleri bilen dürs sazlaşyga ýetirilendir. Bedew ata adam tarapyndan endik etdirilen hereketler hem haýran galdyryjy täsinligi bilen tapawutlanýar.

Türkmen ýigidi öz atyna özi ideg edip, özi seýisläpdir. Öz atyny hiç kime ynanman, oňa diňe özi aýawly münüpdir. Şonuň üçin hem, türkmen ýigidi bilen bedew atyň arasynda haýran galdyryjy ysnyşyklyk emele gelipdir. Ahalteke bedewi hem öz eýesinden başga kişileri golaýyna getirmändir. Ýow gününde türkmen ýigitleri atlarynyň jylawyny eýeriň gaşyna orap, iki eli bilen gylyç işledipdirler, atlary bolsa üstündäki eýesiniň sähelçe ümzük atmasyna düşünip, onuň islän hereketini takyk we çalt ýerine ýetiripdir. Atyň bu hereketi gylyç salşylanda, naýza zyňylanda türkmen ýigidine az pursatlyk wagty utmaga, ýagny gylyjy duşmandan sähelçe ir salmaga mümkinçilik beripdir. Bu artykmaç mümkinçilik söweşde aman galmaga-da şert döredipdir.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.