Türkmen gerçeginiň hemrasy

21 Aprel 2021
1318

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen gerçeginiň hemrasy ahalteke bedewiniň şan-şöhraty mähriban Watanymyzyň abraýyny beýgeldýär» diýip belleýär. Hawa, bu jaýdar bellenen hakykat türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny bezän taryhy ykbaly. «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilmesinde-de halkyň pähim-paýhasy nesillere öwüt-ündew bolup gelýär. Hut şonuň üçin hem türkmenlerde «At — myrat» diýlen aýtgy bar. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynda şeýle aýratyn ýer edinen, şanyna döwlet derejesinde toý tutulýan bedewler, hakykatdan hem hemişe wasp edilmäge mynasypdyr. Çünki ýelden ýüwrük bedew atlaryň gymmaty, agramy ähli ölçeg birlikleriniň çäginden çykyp, has ýokarda durýar. Şol bir wagtyň özünde geçmişde bedewler ähli babatda ynsan ýaşaýşynyň hakyky hemaýatçysy hökmünde çykyş edendikleri üçin, belent mertebä eýedirler.

Türkmen gerçeginiň hemrasy bolan şeýle ajaýyp ahalteke bedewleri hakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkmen gerçegi bedewi bilen myradyna ýetýär» diýip bellemek bilen, ýigidiň gerçekligi bilen bedew söýgüsiniň arabaglanyşygyny düýpli açyp görkezýär. Eziz Arkadagymyz bu eserinde taryhyň gatbar-gatbar goýnunda bedew atyna atlanyp, göreni haýran eden türkmen gerçeginiň geçmişiň sahypalarynda galdyran şöhratly yzlary hakynda, goç ýigidiň ýakyn dosty hasaplanan türkmen bedewiniň dünýä ýaň salan şöhraty we türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsinde orun alan bedew söýgüsi barada giňişleýin beýan edýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.