«Beýik binalar görner»

21 Aprel 2021
1046

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dünýä mirasyna ylahy egsilmez zehini bilen, beýik ruhy-pelsepesine ýugrulan şygryýetini bagyş etdi. Dana Pyragynyň peşgeş beren gaýtalanmajak, medeni-edebi, baý mirasynyň çuňňur öwrenilmeginiň çäginiň ýokdugyna bu gün has-da ýakyndan göz ýetirýäris. Beýik söz ussadynyň kämil eserleri halkymyzyň arzuwlan parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik ýaly ynsan mertebesini ýokary götermäge ýugrulan oý-pikirleri bilen ynsany ynsanperwerlige ymtyldýar.

Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi älem giňişligini ýadyňa salýar. Ol diňe bir ugurdan däl, islendik temadan alanyňda-da aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän dürler hazynasy. Şahyryň pelsepä ýugrulan çuňňur şygryýetine düşünmek, akyl ýetirmek üçin ýetmesi kyn ýollar, çykmasy kyn beýikden-beýik dag gerişleri keserip duran ýaly görünýär.

Täçmuhammet BEGHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.