Garaşsyzlygymyzyň mukaddes dessury

14 Aprel 2021
857

Halkymyzda eziz Watana wepaly gulluk etmek, hemişe-de uly hormat-sarpa hasaplanylypdyr. Ata Watanymyzyň ýeňişden doly şöhratly taryhy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurt goran merdana pederlerimiziň mukaddes harby däpleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly harby syýasatynyň özenini düzýär. Edermen, beden we ruhy taýdan durnukly harby gullukçylar Watanymyzyň buýsanjy we polat galkany bolup, şol synmaz däpleri mynasyp dowam etdirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy goramak bolsa, olaryň baş taglymydyr. Olar dabaraly harby ýörişlerde hem şol taglyma ygrarlydyklaryny aýdyň görkezýärler.

Harby ýöriş — harby gullugyň, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýrylmaz dessury hasaplanylýar. Her ýyl Baş münberiň öňünde dabaraly harby ýörişiň geçirilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde aýratyn täsir döredýär. Sebäbi Garaşsyzlygyň gazanylmagy — bu biziň köpasyrlyk taryha eýe bolan edermen halkymyzyň wysal bolan arzuwy. Şonuň üçin gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen sazlaşyp gelýän Garaşsyzlyk baýramy bu ýyl has-da belentden dabaralandyrylar.

Şöhrat AMANOW,
maýor.