Ýeňiş bilen dolanan dört obadaş

5 Maý 2021
770

Beýik Watançylyk urşunda Pomma Nurberdiýewiň «ädiginiň ýoluny» yzarlan gerçekler başga-da köp. Şeýle gerçekleriň biri uzak ýola gidip, gursagy «şöhrat gülli», beýik ýeňişli ata mekanyna dolanyp gelen Aman Rejebowdy. Ýeňşe sary uzan ýoly külterlän bu merdana gerçek, hut şol hasratly, kynçylykly pursatlara sary ýatlamalar ýoluny külterlemäge başlady... Ýatlamalar bu merdana esgeri ýaşlyk ýyllaryna we birmahalky Sarahs etrabyna alyp gitdi.

1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli pursatlary gidip durka, ozalky Sarahs raýonynyň Sarahs pasýologynda doglan Ata Mülkiýew, Muhat Muhyýew, Aman Rejebow dagy harby gulluga çagyrylýar. Şolaryň arasyndan Ata Mülkiýew 1941-nji ýyldan bäri duşmanlara garşy söweşip ýören Nary Gurbanowyň gulluk edýän harby bölümine düşüp, olar duşmanlara garşy egin-egne berip söweşipdirler. Bir etrabyň çäginde boý alyp, uruş zerarly hersi bir ýana düşen bu gerçeklere uruş ahyrlabereninde birek-birege gabatlaşmak miýesser etdi. Bularyň çet ülkelerde birleşen ýoly bolsa, bilelikde ýeňşe sary ädim ätmeklerine getirdi.

Döwletmyrat GURBANOW,
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň ýaşaýjysy.