Döwletlilik ýörelgesi — nesilleriň göreldesi

5 Maý 2021
913

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pelsepewi eseriniň ikinji bölümi «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» diýip atlandyrylandyr. Adyndan belli bolşy ýaly, bu bölüm adamzat durmuşynyň tebigat bilen baglanyşygy baradaky pelsepewi düşünjeleri özünde jemleýär. Onda parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik ýaly umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan milli ýörelgeleriň mazmuny beýan edilýär. Çünki durşy bilen düre beslenen bu düşünjeler ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek baradaky parasatly pikirler bilen sazlaşykly beýan edilýär. Has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşaýyş baradaky ylym asman bilen zeminiň arasyndaky ähli baýlyklary goramak baradaky kadalardyr.

Eseriň şu bölüminde umumadamzat bähbitli gymmatly pikir-düşünjeleriň öz gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýandygy nygtalýar. Munuň şeýledigi Oguz han atamyzyň öz ogullaryna dakan atlarynyň üsti bilen anyk düşündirilýär. Şeýle hem dünýä belli alymlar tarapyndan edilen açyşlaryň hut tebigatda bolup geçýän adaty ýagdaýlar esasynda ýüze çykarylandygy bellenilip geçilýär. Netijede bolsa, ähli ylmy açyşlaryň daş-töwerekde bolýan adaty tebigy ýagdaýlara, umuman, tebigata akyl ýetirmekden gözbaş alýandygy baradaky gymmatly düşünjeler kesgitlenilýär.

Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň baş hünärmeni.