­­Bejerginiň möhüm ugry

5 Maý 2021
945

Gidroterapiýa ýa-da suw bilen bejermek (ýagny, derýa, köl, ýagyş, suw lagymyndan gelýän) üçin sepelemek, hammamça, birden üstüňden suw guýmak, süpürmek, dolamak ýaly usullarda peýdalanylýar. Balneoterapiýa (mineral suwlar bilen bejergi) bedene gyzgynlyk, himiki we fiziki düzüm bölegi bilen täsir edýär hem-de keseliň görnüşine, derejesine görä bellenilýär. Suw bilen bejergi kabul edilende tebigy şertlerde «gyjyndyryjynyň» mukdary örän ähmiýetlidir, çünki ol suwuň we howanyň gyzgynlygyna, basyşyň derejesine, hereketiň gönügýän tarapyna we geçirilýän çäräň dowamlylygyna baglydyr.

Suw bilen bejermegiň gowy taraplary bilen bir hatarda garşylyklaýyn bejerginiň täsirleriniň hem bolmagy mümkin. Şonuň üçin suw bilen bejergini başlamazdan öň, bedeniň öz aýratynlyklaryny nazara almak zerur, ýagny onuň daşky täsir ukybynyň we merkezi nerw ulgamynyň ilkibaş ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Suw bejergisi bellenende diňe nerw ulgamy däl, eýsem, bedende bolan patologiki ýagdaýy, hassanyň ýaşyny, jynsyny, esasan, hünärini nazara tutmaly. Sebäbi adam gowy şertlerde işleýän we emeli mikroklimatly şertde bolsa bir hili uýgunlaşma geçýär, eger-de açyk howada, gyzgyn ýa-da sowuk sehde işlese başgaça uýgunlaşýar.

Batyr ŞYHDURDYÝEW,
«Arçman» şypahanasynyň lukmany.